Adamlar bir-birleri bilen şahsyýetara, aýratyn toparyň wekilleri, düzüjileri hökmünde bolsa toparara gatnaşykda bolýarlar.
Şahsyýetara gatnaşyklarda birek-biregi kabul etmek:
Simpatiýa – sulh almak;
Antipatiýa – sulh almazlyk;
Empatiýa – özüňi beýlekiniň emosional-duýgy ýagdaýyna goýmak;
Identifikasiýa — özüňi oňa birleşdirmek, ýagny özüňi garşydaşyň diňe bir duýgy ýagdaýyna goýup görmek bilen çäklenmän, eýsem onuň pikirine, maksadyna laýyk iş–hereket etmek ýaly bir-birine düşünişmek usullary bardyr.
Aragatnaşygyň psihiki derejesinde taraplaryň bir-birlerini sulhy almagy, käbirine biperwaý-bitarap,üçünjisine sowugrak gatnaşykda bolmaklyk ýaly täsirler döreýär. Toparda köplere ýaraýan, adamlaryň ýüregini awlaýanlar öňe saýlanyp, olara liderler diýilýär.
Adamyň köpçülige goşulyşmagy bilen onuň özüni alyp barşynda birnäçe üýgeşmeler bolup geçýär. Olaryň biri hem köpçülikde döreýän psihologik täsirlerdir:
Ýoňlanma;
Dowul tapmaklyk;
Yrylma;
Öýkünme.
Ýoňlanma – psihologik täsir ediş usuly hökmünde ýoňlanma adamyň aňlanylmaýan görnüşde belli bir emosional-duýgy ýagdaýyna sezewar bolmagy. Bir adamda dörän aljyraňlylyk ýagdaýy beýleki adama geçmegi.
Dowul tapmaklyk -panika – bu haýsydyr bir adama ezýet çekdirýän ýa-da betbagtçylyk ýagdaýyndaky aňlanylmaýan hereketler bilen özüni alyp barşy.
Yrylma – psihologik täsir hökmünde bir adamyň beýlekä subutnamasyz maksadaokgunly täsir edip, ony öz pikirine, maksadyna tabyn etmekdir.
Öýkünme – bu garşydaşyň ýüze çykarýan özüňi alyp baryş nusgasyny ýa-da emosional-duýgy ýagdaýyny diňe bir kabul etmek bilen çäklenmän, onuň özüne görkezilýän hereket nusgasyny özünde gaýtadan dikeldýär.
Döwran Baýramow
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby