Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlar baradaky alada, ýaş nesliň oýlap tapyjylygy, döredijiligi we olaryň zähmete höweslendirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläkdäki ösüşlerinde möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň Kararlary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda sanly ulgam babatda ýokary tizlik bilen geçirilýän işleriň anyk maksatlaryny, ugurlaryny we öňde durýan wezipelerini kesgitleýär.
Sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda sanly aragatnaşyk ulgamy arkaly umumy okuw sapaklary guralýar. Ýurdumyzda bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okamagyň we okatmagyň, öwrenmegiň we öwretmegiň iň öňdebaryjy döwrebap tehnologiýalaryna daýanýan, täze usullar giňden ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda sanly ulgama geçilmegi durnukly ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmekde uly örun eýeleýär.
Okamak mümkinçilikleriniň düýpli özgerýän döwründe kitaphanalaryň sanlylaşdyrylmagy hem halkymyz üçin ähmiýeti uludyr. Kompýuterleriň, şeýle-de ykjam telefonlaryň kömegi bilen okyjylar islendik wagtda kitaphanalaryň saýtyndan gerek bolan neşiri wirtual görnüşde alyp bilýärler.
Ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Maksat ATAJANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti
(oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby