Ylmyň hem-de bilimiň gazanýan üstünlikleri her bir bilim işgärini, mugallymlary we tutuş jemgyýetimizi buýsandyrýan asylly gymmatlyklardyr. Sebäbi bilim — islendik döwletiň kuwwatyny, geljegini we ösüş depginini kesgitleýän baş guraldyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ilkinji nobatda, okatmagyň iň döwrebap usullarynyň we sanly ulgamyň önümçilige önjeýli ornaşdyrylmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde innowasiýalary we iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly bilim ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şunda öňdebaryjy dünýä tejribesine hem-de milli ylmyň gazananlaryna esaslanylyp iş alnyp barylýar.
Häzirki wagtda sanly tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, giň dünýägaraýşy bolan täze nesil — ýaş hünärmenler kemala gelýär. Bu ýaşlar ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda döredijilikli zähmet çekip, sanly tehnologiýalary diňe bir ulanmak bilen çäklenmän, eýsem olary ösdürmäge hem saldamly goşant goşýarlar. Sanly ulgamy halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna ornaşdyrmak arkaly biz ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni we bilim kuwwatyny has-da artdyrýarys. Netijede, eziz Watanymyz bäsdeşlige ukyplylygyny durnukly saklap, okgunly ösüş ýoly bilen öňe barýar. Durmuş-ykdysady ösüşiň üstünlikli amala aşyrylmagynda häzirki zaman dolandyryş guralaryny ornaşdyrmak, bu ugur boýunça halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem giňeltmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de ylmy-medeni gatnaşyklary ösdürmek uly ähmiýete eýedir.
Mälim bolşy ýaly, sanly ulgamy ösdürmek, esasan, innowasion syýasatyň esasy ýörelgelerine daýanýar. Ýurdumyzda diňe bir senagaty we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän ýokary tehnologiýaly pudaklary ösdürmek däl, eýsem intellektual ulgama — bilime, ylma, şeýle hem durmuş goraglylygyna, saglygy goraýşa, medeniýete we sporta aýratyn üns berilýär. Çünki adam maýasy (kapitaly) islendik innowasiýanyň hereketlendiriji güýjüdir.
Häzirki döwürde inženerleri we ylmy işgärleri taýýarlamakda, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Alymlarymyzyň we mugallymlarymyzyň tagallalary milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda döwrebap ylmy-tehniki pikirleri ösdürmäge hem-de häzirki zaman ylmynyň düýpli ulgamyny döretmäge gönükdirilendir. Türkmen alymlary tarapyndan ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda ylmy taýdan esaslandyrylan döwrebap pikirler öňe sürülýär we iň esasy zat — ylmyň gazananlaryny gysga wagtyň içinde önümçilige ornaşdyrmakda eýýäm oňyn tejribe toplanyldy. Ylmyň ileri tutulýan şol ugurlarynyň biri hem innowasion tehnologiýalar ulgamyny bökdençsiz ösdürmekdir.
Ylymda gazanylan netijeleri, oýlap tapyşlary we innowasion taslamalary ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ornaşdyrmak milli ykdysadyýeti durnukly we netijeli ösdürmegiň iň ygtybarly ýörelgeleriniň biridir. Şeýle-de, ýurdumyzda halkara ylmy-tehniki we tehnologiýalar hyzmatdaşlygyna giň ýol açylýar. Bu bolsa dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini özleşdirmäge, kämil hünärmenleriň tejribesini we hünär derejesini dünýä standartlaryna laýyk getirmäge şert döredýär. Geljegimiz sanly tehnologiýalaryň we ylmyň utgaşmasynda batly ösüşlere tarap has-da ilerlär.
Ýolly MYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy, tehniki ylymlaryň kandidaty.



