Sanly ykdysadyýetiň ösüşi
XXI asyrda sanly ykdysadyýet dünýä ykdysadyýetiniň ösüşinde möhüm rol oýnaýar. Sanly tehnologiýalaryň çalt ösmegi global zähmet bazarynda düýpli üýtgeşmelere sebäp bolýar. Awtomatlaşdyrma, robotlaşdyrma we emeli intellekt pes hünärli işleriň sanyny azaltmak bilen birlikde, täze iş ugurlarynyň we degişli hünärleriň döremegine ýol açýar. IT, kiberhowpsuzlyk, sanly marketing, blokçeýn we uly maglumatlary dolandyrmak häzirki wagtda iň köp islenýän ugurlaryň hatarynda durýar.
Global sanlylaşdyrmak meýilleri we olaryň iş bilen üpjünçilige täsiri
Sanly ykdysadyýet uzakdan işlemek, freelancing we autsorsing ýaly işiň çeýe görnüşleriniň giňden ýaýramagyna mümkinçilik döredýär. Bu bolsa hünärmenleriň islendik ýurtdan iş berijiler bilen hyzmatdaşlyk etmegine şert döredýär.
Sanlylaşdyryş diňe täze hünärleri döretmek bilen çäklenmän, eýsem bar bolan ugurlary hem düýpgöter üýtgetdi.
1.Lukmanlar — telelukmançylyk we elektron kesgitleme ulgamlaryny ulanýarlar
2.Mugallymlar — sanly okuw platformalaryna geçýärler
3.Ýuristler — maglumat gözlegini awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň kömegi bilen ýerine ýetirýärler
4.Inženerler — 3D modelirleme, sensor ulgamlary we sanly synaglardan peýdalanýarlar
Sanly ykdysadyýetiň döredýän kynçylyklary
Şol bir wagtda, sanlylaşdyrma käbir kynçylyklar hem döredýär: bäsdeşlik güýçlenýär, käbir adaty hünärler ýitip gidýär, sosial deňsizlik artýar we işgärlerden başarnyklary yzygiderli täzeden öwrenmek talap edilýär.
Netijede, sanly ykdysadyýet global zähmet bazarynyň keşbini täzeden şekillendirýär we geljekde hem onuň ösüşiniň esasy ugrynyň biri bolup galar.
Şahnoza Begenjowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.




