Astronomlar Saturn halkasynyň nähili emele gelendigini düşündirdiler. Massaçusetsk tehnologiki institutynyň astronomlary Saturn halkasynyň planetanyň hemrasynyň dargamagy netijesinde emele gelendigini aýdýarlar. Alymlaryň pikirine görä, bu hadysa 100-150 million ýyl mundan ozal Hrizalida buzly hemrasynyň gaz gigantyna has golaýlaşanda ýanmagy netijesinde bolup geçdi. Kosmiki jisimiň köp bölegi Saturn bilen çaknyşdy, galan bölegi bolsa halkalary emele getirdi. Alymlar 4,5 milliard ýyl mundan öň emele gelen gigantyň içki gurluşynyň matematiki modelini düzmek arkaly bu netijä geldiler. Onuň esasynda Cassini zondunyň (meteorologik maglumatlary özi ýazýan gurally kiçijik howa şary) 2004-2017-nji ýyllar aralygyndaky alan maglumatlary saklanandyr.
Hojamberdi WELMEDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy