Sibraýt (Eng. Sebright) — Angliýada ösdürilip ýetişdirilen towuklaryň bir tohumdyr. Jon Sibraýt bu tohumy döretdi we ony ilkinji gezek 1815-nji ýylda görkezdi. Ol gelip çykyşy boýunça karlikdir. Iki jynsdaky guşuň ýelekleriniň tipi birmeňzeş, ýagny horazyň aýagynda, bilinde we guýrugynda ýiti uçly ýelekleri bolmaýar. Horaz bilen towugyň ikisiniň hem her ýeleginde birmeňzeş nepis nagşy bolýar. Munuň üçin, horazlarda towuk guýrugy (guýrugy towlanan bolmazdan) bolmalydyr. Olaryň şekili gysylan, ykjam, gysga bolýar. Göwresi oňat tegelenen. Döşi açyk aýdyň, bedeni göni. Guýrugy ýelpewaç şekilli, giň, her tarapynda ýedi sany guýruk ýelekleri bar; ýaş horazlarda ýokarky guýruk ýelekleri beýlekilerden 2 sm ýokarlanyp biler. Aşak tarapa seredýän, ýere degip duran ýaly we bedene berk birleşmedik ganatlary bar.
Olaryň uly we uzyn göwresi, ganatlarynyň ýokary galdyrylyp, bedene gysylan ýagdaýda ýerleşmegi, ýeleklerinde nagyşlaryň bolmazlygy kabul ederliksiz kemçilikler hasaplanýar. Towuklar inkubasiýa instinktine eýedirler. Ýylda agramy 30 g bolan 60-90 sany, ak ýa-da sarymtyl reňkli ýumurtga berýärler. Kiçijik agramy bilen Sibraýt käbiri kepderilerden erbet uçmaýarlar. Horazlaryň ortaça agramy 0,6 kg, towuklary 0,5 kg. Halkanyň ululygy: horazlar üçin 11 mm, towuklar üçin 9 mm hasaplanýar.
Gurbantäç BEGJANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby