Solmak üçin gülleýän ösümlik
Agawa ösümligi Merkezi we Demirgazyk Amerikada duş gelýär, Meksikada hemmedenileşdirilýär. “Agawa” grek dilinden terjime edilende “geň, üýtgeşik” diýen manyny berýär. Käbirleri bu ösümligi kaktus hasaplaýarlar, emma ol aloe ýaly diňe bir onuň ýakyn
wekilleriniň biridir. Bu sukkulent ösümlik köpýyllyk, baldaksyz “Asparagus” maşgalasyna degişlidir.
Agawa çal-ýaşyl we mawy öwüşginli, uzynlygy 1,5 metre barabar, kemere meňzeş
ýapraklary we depesinden seredeniňde 10 000 töweregi güli özünde jemleýän uly göwrümli
“sübse” gül toppagyny emele getirýär. Ol 10 metre çenli ösüşini dowam etdirýär. Halkyň
arasynda Agawa ýüz ýyldan bir gezek gülleýär diýen çaklama bar. Hakykatdan hem, ol
özüniň ýaşaýşyny tamamlamazdan öň, ýagny, diňe bir gezek gülleýär. Gülleýiş döwri
ösümligiň görnüşine bagly bolup durýar. Käbir görnüşleri 100 ýyldan bir gezek, emma
adatça 15 ýa-da 30 ýyldan gül pyntygyny emele getirýär. Käbirleri bolsa gülläp hem
ýetişmeýär. Şonuň üçin hem, oňa güllän halda gabat gelmek kyn. Onuň gülleýiş döwri 1-2
aý dowam edýär. Doly gülländen soň, ýaşaýşyny tamamlamana başlaýar.
Agawa ösümligi senagatda ýüpleri we torlary ýasamakda, şeýle hem, şireli içgileri
taýýarlamakda peýdalanylýar. Bezeg bagçylygynda bolsa Şagyzy Wiktoriýa we Potatorum
ýaly uly bolmadyk görnüşleri ulanylýar.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.