Häzirki döwürde sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak, sport bilen yzygiderli meşgullanmak her bir adamyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Sport diňe bir bedeni berkitmegiň serişdesi bolman, eýsem adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan, onuň ýaşaýşyna täze many berýän möhüm güýç hökmünde çykyş edýär. Şonuň üçin sport hakykatdan-da ruhubelentligiň we güýç-kuwwatyň çeşmesi hasaplanýar.
Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak saglygyň berk bolmagynyň esasy şertleriniň biridir. Yzygiderli fiziki maşklar bedeniň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly işlemegine ýardam edýär, ýürek-damar ulgamyny güýçlendirýär, gan aýlanyşygyny gowulandyrýar we umumy çydamlylygy ýokarlandyrýar. Şeýle hem sport bilen meşgullanýan adamlaryň dürli kesellere garşy duruşlylygynyň ýokary bolýandygy ylmy taýdan subut edilendir. Bu bolsa saglygyň goralmagynda sportuň ornunyň örän uludygyny görkezýär.
Sport diňe bir beden taýdan däl, eýsem ruhy taýdan hem uly täsir edýär. Sport bilen meşgullanýan adamlar özlerini has ruhubelent, şadyýan we ynamly duýýarlar. Olar durmuşdaky kynçylyklary ýeňip geçmäge has taýýarlykly bolýar, maksada okgunlylyk, sabyrlylyk we tertiplilik ýaly häsiýetleri ösdürýärler. Şeýle häsiýetler bolsa diňe bir şahsy ösüş üçin däl, eýsem jemgyýetde öz ornuny tapmak üçin hem möhüm şertdir.
Ýaşlaryň arasynda sportuň giňden ornaşdyrylmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi ýaşlyk döwründe emele gelen sagdyn endikler olaryň geljekki durmuşynyň berk binýadyny düzýär. Sport bilen meşgullanýan ýaşlar wagtlaryny peýdaly geçirýärler, zyýanly endiklerden daşda durýarlar we jemgyýetde işjeň, maksada okgunly şahsyýetler bolup kemala gelýärler.
Döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmäge we sporty giňden wagyz etmäge uly üns berilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap sport desgalarynyň gurulmagy, köpugurly stadionlaryň we sport mekdepleriniň döredilmegi ilatyň sport bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri açýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasaty adam saglygyny goramagy, ýaş nesli sagdyn ruhda terbiýelemegi esasy ugurlaryň biri hökmünde öňe sürýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzda köpçülikleýin sport çäreleri, bäsleşikler we halkara derejeli ýaryşlar üstünlikli geçirilýär. Bu bolsa ýaşlaryň sporta bolan gyzyklanmasyny artdyrmak bilen birlikde, ýurdumyzyň dünýä derejesindäki abraýyny hem ýokarlandyrýar.
Sport – adam durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup, diňe bir beden saglygyny däl, eýsem ruhy dünýäni hem baýlaşdyrýan güýçli serişdedir. Ol adama ynam berýär, ony beýik maksatlara ruhlandyrýar we durmuşda üstünlik gazanmaga itergi berýär. Sport bilen dostlaşan adam sagdyn, güýçli we ruhubelent bolup, öz geljegini berkden gurýar. Şonuň üçin her birimiz sporty durmuşymyzyň möhüm bölegi edip kabul etmeli, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli. Çünki saglyk – iň uly baýlyk, sport bolsa şol baýlygy goramagyň iň ygtybarly ýoludyr.
Ýazan: Durdiýewa Täzägül Gurbanmyradowna
Daşoguz şäheriniň 20-nji çagalar bakja bagynyň müdiri


