Ynsan üçin iň gymmatly baýlyk – saglykdyr. Saglyk diňe bir bedeniň sagdynlygy bilen çäklenmän, eýsem ruhuň päkligi we ruhy durnuklylyk bilen hem berk baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde sagdyn beden we belent ruh– diňe şahsy gymmatlyk bolmak bilen çäklenmän, eýsem jemgyýetimiziň durnukly ösüşiniň hem-de bagtyýar geljegimiziň esasy sütünleriniň biri hökmünde garalýar.
Sport–sagdynlygyň sarsmaz binýadydyr. Ol jemgyýetde işjeňligi, maksadaokgunlygy we ruhubelentligi kemala getirýär. Gündelik fiziki maşklar, ylgamak, ýüzmek, futbol we tennis ýaly sportuň dürli görnüşleri ýürek-damar ulgamyny güýçlendirip, bedeniň kesellere garşy durmak ukybyny (immunitetini) ýokarlandyrýar. Ylmy barlaglar sport bilen meşgullanýan adamlaryň stresden uzakdadygyny, özüne bolan ynamynyň ýokarydygyny we psihiki taýdan has durnuklydygyny subut edýär. Sport–göwnüçökgünligi ýeňip geçmegiň, durmuşa bolan söýgini artdyrmagyň iň täsirli serişdesidir.
Ýurdumyzda sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki zaman sport desgalarynyň, mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde gurlan sport meýdançalarynyň sanynyň artmagy raýatlaryň beden saglygyny berkitmäge gönükdirilendir. Şeýle hem, yzygiderli geçirilýän sport ýaryşlary we festiwallar jemgyýetde agzybirligi, umumy ruhubelentligi we sporta bolan höwesi has-da güýçlendirýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan işler ýaş nesliň beden we ruh taýdan kämil bolup ýetişmegini maksat edinýär. Sport ýaşlary zyýanly endiklerden daşlaşdyryp, olarda zähmetkeşlik, döredijilik we watançylyk ruhuny terbiýeleýär. Sportuň ösdürilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň artmagyna-da uly goşant goşýar. Halkara ýaryşlarda belentde parlaýan Baýdagymyz, türgenlerimiziň gazanýan üstünlikleri her bir türkmenistanlynyň kalbynda buýsanç duýgusyny oýarýar.
Sport — diňe bir beden berkitmek däl, eýsem ruhy güýjüň, sabyr-takadyň we jemgyýetçilik agzybirliginiň gözbaşydyr. Her bir raýat sporty öz gündelik durmuşyna goşmak bilen, diňe bir öz saglygyny goraman, eýsem döwletimiziň durnukly geljegine hem mynasyp goşant goşýar. Sport bilen dost bolmak — bagtly we uzak ömre ädilýän iň ynamly ädimdir.
Ýazan: Abdullaýewa Diana,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby


