Suw adamzat we janly-jandarlaryň ýaşaýşynyň gözbaşy bolup, tebigatyň iň gymmatly hazynasynyň biridir. Ol diňe bir ýaşaýyş üçin zerur serişde bolman, eýsem ösüşiň, abadançylygyň hem-de bagtyýar durmuşyň berk binýadydyr. Suwsuz ýer ýüzünde ýaşaýyş göz öňüne getirip bolmaýar. Şonuň üçin hem suwa hormat goýmak, ony goramak we tygşytly peýdalanmak her bir jemgyýetiň esasy borçlarynyň biri bolup durýar.
Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri tebigat bilen sazlaşykly ýaşap, onuň her bir baýlygyna, şol sanda suwa aýratyn sarpa goýupdyr. Ata-babalarymyz suwuň her damjasynyň gadyryny bilip, ony tygşytly peýdalanmagy özleriniň durmuş ýörelgesine öwrüpdirler. “Suw – ýaşaýyş”, “Suw – bereket”, “Suw damjasy– altyn dänesi” ýaly dana sözler halkymyzyň suwa bolan çuňňur hormatynyň aýdyň beýanydyr.
Milli däp-dessurlarymyzda hem suwuň aýratyn orny bardyr. Suw arassalygyň, päkligiň, täzelenmegiň nyşany hökmünde kabul edilýär. Bu bolsa halkymyzyň diňe bir tebigata däl, eýsem ýaşaýşyň ähli gymmatlyklaryna hormat goýýandygyny görkezýär.
Ýurdumyzda suwy goramak we ony netijeli peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň suw hojalygyny ösdürmek, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak hem-de döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Suwaryş ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi, täze desgalaryň gurulmagy, ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulandyrylmagy oba hojalygynda ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Bu işler ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek bilen birlikde, geljek nesiller üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.
Suwuň ähmiýeti diňe bir ykdysady ýa-da tebigy taýdan däl, eýsem adam saglygy üçin hem örän uludyr. Arassa agyz suwy sagdyn ýaşaýşyň esasy bolup, adamlaryň ýaşaýyş hilini ýokarlandyrýar. Şonuň üçin hem suwy hapalamazlyk, ony goramak we tygşytly peýdalanmak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Häzirki döwürde dünýä ýüzünde suw ýetmezçiligi meselesi gün tertibindäki esasy meseleleriň birine öwrülýär. Şeýle şertlerde suw serişdelerini goramak we olaryň netijeli ulanylmagyny üpjün etmek aýratyn möhüm bolup durýar. Bu bolsa diňe bir döwlet derejesinde däl, eýsem her bir adamyň şahsy jogapkärçiligine hem baglydyr.
Suw – tebigatyň adamzada beren iň gymmatly peşgeşleriniň biridir. Ony goramak, hormatlamak we netijeli peýdalanmak arkaly biz diňe bir häzirki zaman durmuşymyzy ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem geljek nesilleriň bagtyýar ýaşaýşy üçin berk binýat döredýäris. Suwa bolan hormat – bu tebigata bolan hormatdyr. Tebigaty goramak bolsa biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Ýazan: Maşaripowa Mamlakat,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby


