Hytaýyň Siçuan uniwersitetiniň hünärmenler topary suwdaky mikroplastikleri
ýygnamak üçin niýetlenen robot balyk döretdiler. Barlaglaryň netijesi “ACS
Publications” žurnalynda beýan edilýär. Işläp düzüjileriň aýtmaklaryna görä, bionik
balygy çeýe, ululygy 13 millimetre ýetýän we balykgulagyň merjenleriniň gatlagyna
meňzeş grafen esasly gatlaklardan durýar. Lazer şöhlesi galtaşansoň, robot açylýar
we öz bedeniniň üstüne çekip almak bilen mikroplastikleri ýygnamaga başlaýar.
Enjamyň hereket tizligi sekuntda 30 mm ýetýär. Öňki taslamalarda suw
howdanlaryny hapalanmakdan arassalamak üçin şuňa meňzeş robotlar teklip
edilipdi, emma olaryň dürli gowşak taraplary bardy: silikondan ýa-da gidrogelden
ybarat bolanlygy sebäpli , tiz hem-de çalt zaýalanypdy.
Merjen BAÝAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.