Taryh — adamzat geçmişini öwrenmek arkaly häzirki zaman düşünjesini ösdürýän möhüm bilim ugurlarynyň biridir. Bu sapak diňe bir wakalaryň sanawyndan ybarat bolman, eýsem jemgyýetiň ösüş ýoluny, medeniýetiň, syýasatyň, ykdysadyýetiň we adam gatnaşyklarynyň üýtgemegini hem açyp görkezýär. Taryhy öwrenmek, ýaş nesliň geçmişe hormat goýmagyny, geljegi dogry seljermäge ukyply bolmagyny üpjün edýär.
Taryh näme?
Taryh, geçmişdäki jemgyýetleriň arasyndaky gatnaşyklary, uruşlary we parahatçylyk döwürlerini, medeniýetlerini, siwilizasiýalaryny we durmuş-ykdysady gurluşlaryny, wagt we ýeri görkezýän we sebäp-netije gatnaşyklaryny gözden geçirýän we obýektiw düşündirýän ylymdyr. Taryh ylym hasaplanýar, sebäbi adamlaryň geçmişdäki hereketlerini, sebäp-netije gatnaşyklaryny, wagty we ýeri görkezýän we resminamalaryň esasynda obýektiw gözden geçirýär.
Taryhyň esasy maksady, biziň barlygymyz – syýasy ulgamlarymyz, ýolbaşçylygymyz, jemgyýetimiz, ykdysadyýetimiz we medeniýetimiz hakda dürli, çydamly we intellektual taýdan çekeleşikli jedelleriň merkezinde bolmak. Şeýle-de bolsa, durmuşyň köp ugurlarynda bolşy ýaly, açyk we erkin jedeller köplenç düşnüksiz we sebäbini çydamsyzlygy kesgitlemek kyn däl.
Gadymy döwürlerde taryhy maglumatlar dilden-dile geçipdir. Şahyrlar, rowaýatçylar we ýazuwçylar geçmiş wakalary ýazyp, nesilden nesle geçiripdirler. Antik Gresiýada taryhy ylmy esasda öwrenmek başlanýar. Gerodot — “Taryhyň kakasy” hökmünde tanalýar. Ol ilkinji gezek wakalary sebäpleri bilen düşündirmäge synanyşypdyr. Tukidid bolsa syýasy we harby wakalary seljerip, subutnamalara esaslanýan ýazgylar bilen taryhyň ylmy esaslaryny berkidipdir.
Orta asyrlarda taryh dini bilim bilen utgaşypdyr. Monastyr mekdeplerinde geçmiş wakalar dini nukdaýnazardan öwredilipdir. Taryhy ýazgylar köplenç patyşalaryň we din ýolbaşçylarynyň işleri bilen baglanyşykly bolupdyr.
18–19-njy asyrlarda Ýewropa ýurtlarynda taryh sapagy resmi okuw meýilnamasyna girizilýär. Bu döwürde milli taryhy öwrenmek, watansöýüjilik terbiýesini bermek maksady bilen sapak hökmünde giňden ulanylyp başlanypdyr. Taryh sapagy jemgyýetiň ösüşine täsir edýän wakalary seljermegiň esasynda bilim ulgamynda möhüm orna eýe bolýar.
Türkmenistanda taryh sapagy Garaşsyzlykdan soň has giň gerime eýe boldy. Türkmen halkynyň geçmişi, döwletlilik taryhy, medeniýeti we gahrymanlary sapaklaryň esasy mazmunyny düzýär.
Taryh diňe bir geçmişi öwrenmek däl, eýsem geljegiň binýadyny döretmekdir. Okuwçylaryň pikirlenmek, seljermek we netijä gelmek ukybyny ösdürýän bu sapak, bilim ulgamynyň möhüm sütüni bolup durýar. Taryhy öwrenmek arkaly ýaş nesil öz medeniýetine, geçmişine we halkynyň ösüş ýoluna hormat goýmagy öwrenýär.
Mosanowa Mährijemal
Daşoguz şäheriniň daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň mugallymy.



