DünýäMakalalar

TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR

Täze ýyl dünýäniň köp böleginde iň halanýan baýramçlyklaryň biridir. Bu şadyýan we ýagty baýramçylyk bilen köp alamatlar we ynamlar bar.Täze ýyl barada gyzykly maglumatlar:

Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur  Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.

Russiýada täze ýyl baýramçylygy Pýotr I karary bilen 1-nji ýanwarda geçirmek meýilleşdirdi. Ondan soňra 1-nji sentýabrda bellenildi.

Täze ýyl arçasyny has dogrusy şahalaryny Pýotr I oýlap tapypdyr, emma arçalar oýunjaklar bilen bezelmändir.

Täze ýyl ertekileriniň baş gahrymanlarynyň resmi doglan günleri bar. Aýaz baba 18-nji noýabrda, garpamyk 4-5-nji aprel gijesinde dünýä inipdir.

Täze ýyl arçasyny girlýand bilen bezemek däbi 1895-nji ýyldan ýüze çykdy.

Dünýädäki ilkinji Täze ýyl gutlagy 1843-nji ýylda Londonda çap edildi.

Täze ýyl baýramçylygynda sowgat bermek däbi gadymy Rimde ýüze çykypdyr.

Ginnesiň rekordlar kitabyna görä, iň uly Täze ýyl arçasy 2009-njy ýylda Meksika şäherinde oturdylypdyr. Emeli täze ýyl agajynyň beýikligi 110 metr 35 santimetre ýetirpdir.

Gülnur Otyzowa

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Habary paýlaşyň:

Bir cevap yazın