Täze ýylyň şatlyk-şowhuna beslenip gelmeginde uly many bar. Her bir täzelenýän ýyl adam ömrüniň dowamlylygynyň alamaty bolup, kalplara şugla salýar. Diýarymyzyň baýramlara baý taryhynda Täze ýyl baýramçylygynyň öz orny bar. Adamlar birnäçe günläp nähilidir bir gowluga garaşmak duýgusy bilen ýaşaýarlar. Şäherler köçelerdäki arçalar edil jadyly köşkler ýaly lowurdaýar. Adamlar birek-birege “Täze ýylyňyz gutly bolsun, bagt getirsin!”, “Täze ýylyňyz älemgoşaryň reňkleri ýaly janly we owadan bolsun!”, “Maşgalaňyz we ýakynlaryňyz bilen wagty bagtly we ýakymly geçirmegiňizi arzuw edýärin!”, diýip, ýagşy dileg edýärler.
Täze ýylyň gelmegi bilen, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bu şadyýan baýramçylygyň şanyna geçirilýän çäreleriň şowhuny barha artýar. Aýratyn-da, bu günler paýtagtymyz Aşgabat şäherimizi görmäge göz gerek. Dürli zerler, owadan şarlar, enaýyja oýnawaçlar bilen boýdan başa bezelen arçalar, gijelerine ýanýan dürli öwüşginli çyralar paýtagtymyzy has-da gelşigine getirip, göreni haýrana goýýar. Täze ýyl çäreleriniň dabaralary has-da artýar. Täze ýyl arçasynyň ýanynda Aýazbabadyr Garpamyk bilen şowhuna beslenýän baýram çagalar baglarydyr mekdeplerde, edara-kärhanalarda has hem guramaçylykly geçyär.
Häzirki wagtda türkmen halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiz halkyň diňe şu gününiň däl eýsem, geljeginiň hem ýagty röwşen bolmagy üçin aladalaryny edýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu günki gün türkmen halkymyzyň her güni toý-baýrama, şatlyk-şowhuna, ruhybelentlige beslenip gelýär. Ine, bu günki gün hem türkmen halkymyz Täze ýyl baýramyny uly dabara bilen garşy alýar. Goý, ýetip gelen Täze ýyl her bir türkmen halkymyz üçin ajaýyp üstünlikleriň, rysgal-döwletiň, ýyly bolsun!
Asly halal türkmen halkynyň mundan buýana-da görjegi diňe gowulyk, toý-baýram bolsun! Türkmen halkyny mundan-da röwşen ertirlere ynamly alyp barýan, özüniň beýik işleri, parasatly başlangyçlary, döwlet tutumlary bilen ata Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä doldurýan Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, ýurdy abadan bolsun! Bosagada duran 2025-nji ýyl ýylyň her bir güni bagtyýar pursatlara beslensin. Durmuş size elmydama garaşylmadyk şatlyklary bagş etsin! Täze ýylyňyz gutly bolsun!
SONA GELDIÝEWA.
Daşoguz şäheriniň 13-nji orta mekdebiniň
Okuw işleri boýunça orunbasary.