Täze ýylyň bosagasyndan ädim ätlemek ynsan durmuşynda aýratyn many-mazmuna eýe bolup durýar. Sebäbi her bir täze ýyl ynsanyň kalbynda täze umytlary oýarýar, täze niýetlere badalga berýär we geljege bolan ynamy has-da berkitýär. Täze ýyl — ruhy täzelenişiň, pikirleriň arassalanmagynyň we täze ýollaryň başlanmagynyň nyşanydyr.
Geçen ýyllar adam üçin uly mekdepdir. Onda gazanylan üstünlikler buýsanç bolup, goýberilen kemçilikler bolsa geljek üçin gymmatly sapaga öwrülýär. Täze niýetler hut şol tejribä daýanyp döreýär. Niýet — bu adamyň içki güýji, ony öňe iterýän ruhy daýanjydyr. Niýeti arassa bolan adam maksadyna ýetmekden saklanmaýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir täze ýyl ýurdumyz üçin ösüşleriň, beýik maksatlaryň we uly üstünlikleriň ýylyna öwrülýär. Döwlet derejesinde öňe sürülýän maksatlar, amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu ösüş ýolunda zähmetkeşlik, ylym-bilim we agzybirlik esasy sütünler bolup durýar.
Täze ýol — bu diňe bir döwletiň ösüş ugruny aňlatmaýar. Ol her bir ynsanyň öz-özüne bolan talabyndan, zähmete bolan garaýyşyndan başlanýar. Bilime ymtylmak, hünär taýdan kämilleşmek, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmak täze ýylyň öňde goýýan möhüm wezipeleridir. Hususan-da, ýaşlaryň bilimli, watansöýüji we döredijilikli bolup ýetişmegi ýurdumyzyň geljegini has-da ygtybarly edýär.
Täze ýyl adamlaryň arasynda mähir-muhabbeti, birek-birege ynanyşmagy we ruhy bitewüligi pugtalandyrýar. Maşgala gymmatlyklarynyň goralmagy, ulularyň sylaglanmagy, ýaşlara görelde görkezilmegi jemgyýetiň sagdyn ösüşiniň esasy şertidir. Şonuň üçin täze niýetler diňe şahsy maksatlar bilen çäklenmän, umumy bähbitlere hyzmat etmelidir.
Täze ýyl — täze niýetlerden başlanýan uly ýol. Bu ýol zähmet bilen, sabyr-takat bilen we uly ynam bilen geçilýär. Her bir täze gün ynsana berilýän täze mümkinçilikdir. Şol mümkinçilikleri dogry peýdalanyp, özümiziň hem-de Watanymyzyň geljegini has-da nurana öwürmek her birimiziň borjumyzdyr.
Şiriýewa Mähri,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 2-nji çagalar bakja bagynyň terbiýeçi-usulýetçisi




