Ynsan dünýä inen gününden başlap, tebigat bilen aýrylmaz baglanyşykda ýaşaýar. Çünki tebigat biziň diňe bir daşky gurşawymyz däl, eýsem, dem alýan howamyz, içýän suwumyz, rysgal-berekedimiziň gözbaşydyr. Gadymy pederlerimiz tebigaty mukaddes saýypdyrlar, ony enä deňäpdirler. Türkmen sährasynyň her bir dänäsi, Garagumuň sergin şemaly, Köpetdagyň dury çeşmeleri ynsan kalbyna ylham, janyna melhem berýär. Şonuň üçin hem, daşky gurşawy goramak — bu diňe bir ekologiýa meselesi däl, eýsem, adamzat nesliniň geljegini, onuň taryhy-medeni gymmatlyklaryny goramakdyr.
Taryha ser: 1972-nji ýylyň Stokgolm ädimi
Her bir halkara senesiniň aňyrsynda uly taryhy tejribe we adamzadyň oýlanmalary ýatyr. 5-nji iýunyň “Daşky gurşawy goramagyň halkara güni” diýlip yglan edilmeginiň hem özboluşly taryhy bar. 1972-nji ýylyň 5 — 16-njy iýuny aralygynda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) guramagynda daşky gurşawa bagyşlanan ilkinji dünýä derejesindäki maslahat geçirildi. Şol taryhi maslahatda adamzat ilkinji gezek ekologiki çökgünlikleriň, tebigata ýetirilýän zyýanlaryň global meseledigi barada nygtady, dymyp bilmedi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň şol ýyldaky karary bilen, 5-nji iýun bütindünýä derejesinde tebigaty goramagyň, oňa aýawly çemeleşmegiň simwoly hökmünde yglan edildi. Şondan bäri bu sene dünýäniň ýüzlerçe döwletinde adamzadyň ünsüni tebigy baýlyklary aýawly ulanmaga çekmek üçin bellenilip gelinýär.
Türkmenistanyň — bagy -bossan
Biziň eziz Watanymyz Türkmenistan hem bu global gymmatlyklara goşulmak bilen, ekologiýa medeniýetini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi. Häzirki ajaýyp zamanamyzda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygyny we Aral deňziniň sebitindäki ekologik ýagdaýy gowulandyrmak boýunça halkara başlangyçlaryny görkezmek bolar. Paytagtymyz Aşgabadyň töweregindäki we welaýatlardaky gök öwsüp oturan bagy-bossanlyklar Diýarymyzyň ekologiki arassalygynyň kepilidir. Her ýyl ýurdumyzda ekilýän millionlarça agaç nahallary diňe bir şäherlerimiziň gözelligi däl, eýsem, geljekki nesillerimize galdyrýan iň uly baýlygymyzdyr.
Tebigat we ynsan ykbaly
Tebigat özüne bolan mähre mähirlilik bilen, gahar-gazaba bolsa apatlar bilen jogap berýär. Şonuň üçin 5-nji iýun — bu diňe bir baýramçylyk däl, eýsem, her bir ynsanyň öz ykbaly barada oýlanmaly günüdir. Eger-de biz geljekki nesillerimiziň dury suw içmegini, arassa howadan dem almagyny we ýaşyl baglaryň saýasynda ýaşamagyny isleýän bolsak, onda tebigaty goramagy şu günden, öz gapymyzdan, öz kalbymyzdan başlamalydyrys. Tebigat — biziň umumy öýmizdir, ony goramak bolsa her birimiziň mukaddes borjumyzdyr!
Natalýa Sokinina,
Mary şäheriniň 4-nji sport mekdebiniň woleýbol boýunça tälimçi mugallymy.



