Häzirki wagtda dünýäniň ösüş ýolunda tehnologiýa bilen adam zähmetiniň sazlaşygy möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy diňe bir önümçiligi ýeňilleşdirmän, eýsem adamyň döredijilik mümkinçiliklerini has-da açmaga şert döredýär. Tehnologiýa adam zähmetiniň ornuny tutmak üçin däl-de, ony kämilleşdirmek we has netijeli etmek üçin hyzmat etmeli.
Adam zähmeti taryhyň ähli döwürlerinde ösüşiň esasy hereketlendiriji güýji bolup gelipdir. Emma häzirki döwürde bu zähmet innowasion tehnologiýalar bilen sazlaşykly alnyp barylanda has ýokary netijelere ýetilýär. Awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň, emeli aňyň we sanly dolandyryş tehnologiýalarynyň ulanylmagy zähmet öndürijiligini artdyrýar, wagt tygşytlylygyny üpjün edýär we işgärleriň jogapkärçiligini ýeňilleşdirýär.
Şeýle-de bolsa, tehnologiýanyň ösüşi bilen birlikde adam faktorynyň ähmiýetini ýitirmeli däldigi aýratyn nygtalmaly. Adam pikirlenmesi, döredijiligi, ahlak gymmatlyklary we jogapkärçiligi tehnologiýanyň hiç haçan doly derejede ýerine ýetirip bilmejek aýratynlyklarydyr. Şonuň üçin ösüş ýolunda esasy maksat tehnologiýany adamyň hyzmatynda ulanmakdan ybarat bolmalydyr.
Ýurdumyzda hem sanly ykdysadyýeti ösdürmek, döwrebap tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda alnyp barylýan döwlet maksatnamalary ýaşlaryň täze hünärleri ele almagyna, innowasion pikirlenmesine we zähmet bazarynda bäsdeşlige ukyply bolmagyna mümkinçilik döredýär. Şeýle çemeleşme geljekki ösüşleriň berk binýadyny emele getirýär.
Tehnologiýa bilen adam zähmetiniň sazlaşygy jemgyýetiň durnukly ösüşini üpjün edýän esasy şertleriň biridir. Adam bilen tehnologiýanyň bilelikdäki hereketi, ösüş diňe ykdysady däl, eýsem ruhy we jemgyýetçilik taýdan hem ýokary derejä ýetýär. Şonuň üçin häzirki döwürde bu sazlaşygy üpjün etmek her bir ýurduň strategik maksadynyň esasy bolup durýar.
Hemraýewa Aýjemal,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma önümçiligi fakultetiniň Tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy hünäriniň 5-nji ýyl talyby



