Tokaý ekosistemalary tebigatyň iň çylşyrymly we iň ähmiýetli ulgamlarynyň biridir. Olar diňe bir agaçlardan ybarat bolman, ösümlikleriň, haýwanlaryň, mikroorganizmleriň we toprak bilen howanyň özara sazlaşykly hereket edýän bir bitewi ulgamy bolup durýar. Tokaýlar dünýäniň howa durnuklylygyny saklaýar, suw çeşmeleriniň goragçysy bolup hyzmat edýär we topragyň eroziýadan goralmagyna kömek edýär. Şonuň bilen birlikde, olar howanyň düzümini kadalaşdyryp, atmosferadaky kömürturşy gazyny siňdirmek bilen howanyň hapalanmagynyň öňüni alýarlar.
Tokaýlar biogeografik taýdan dürli görnüşlere bölünýär. Tropiki tokaýlar ýyly we çygly klimatda ösýän, ýokary biologik dürlüligi bilen tapawutlanýan ekosistemalardyr. Ol ýerde millionlarça dürli ösümlik we haýwan görnüşleri ýaşaýar. Boreal tokaýlar, ýagny igde tokaýlar, sowuk howaly sebitlerde ýerleşýär we ekosistemanyň durnuklylygyna uly täsir ýetirýär. Musson tokaýlary, subtropiki tokaýlar we beýleki tokaý görnüşleri hem aýratyn klimatik şertlere görä üýtgeýär.
Tokaýlaryň adamzat üçin hem uly ähmiýeti bar. Olar agaç, dermanlyk ösümlikler, iýmit önümleri, kislorod öndürmek ýaly ençeme peýdaly aýratynlyklara eýedir. Tokaýlar ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlygyny üpjün etmek bilen, ekoturizmiň hem esasy merkezleriniň biri bolup hyzmat edýär. Şonuň bilen birlikde, olar ýerli halklaryň durmuşynda möhüm orun eýeleýär.
Emma häzirki wagtda tokaýlara abanýan howplar barha artýar. Adamzadyň senagatlaşmagy, obalaryň we şäherleriň giňelmegi, oba hojalyk maksatly ýerleriň artdyrylmagy netijesinde tokaý meýdanlary günden-güne azalýar. Şonuň netijesinde howanyň üýtgemegi, topragyň berekediniň peselmegi we haýwanlaryň ýaşaýyş ýerleriniň ýok bolmagy ýaly meseleler ýüze çykýar. Tokaý ýangynlary, bikanun agaç kesmek, ýerleriň çölleşmegi hem tokaýlaryň durnuklylygyna ýaramaz täsir ýetirýär.
Tokaýlary goramak we dikeltmek adamzadyň esasy borçlarynyň biridir. Her bir tokaý diňe bir ösümlikler bilen haýwanlaryň ýaşaýyş gurşawy bolman, eýsem, bütin ekosistemanyň durnuklylygyny üpjün edýän bir bitewi ulgamyň bölegidir. Şonuň üçin hem tokaý agaçlarynyň çapylmagynyň öňüni almak, dikeldiş işlerini geçirmek we tebigaty goramak ugrunda halkara derejesinde çäreler görülmelidir. Tokaýlaryň geljegi diňe bir tebigatyň däl, eýsem, adamzadyň hem geljegidir.
Karýagdyýewa Bagdagül Açylowna,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 11-nji orta mekdebiniň geografiýa mugallymy