Häzirki döwürde topiýar sungatyny döretmek üçin bezeg bagçylygynda ýaprakly we pürli görnüşlerden giňden peýdalanylýar. Topiýar sungatyny döretmekde esasan tiss we samşit giňden ulanylýan görnüşler hasaplanylýar. Sebäbi olar gyrkmak üçin amatly, haýal ösýän we şonuň bilen bilelikde döredilen şekili üýtgetmezden uzak saklaýan hasaplanylýar. Topiýar baglaryny döretmekde esasan agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň sowuga çydamly, haýal ösýän we ownuk ýaprakly görnüşleri saýlanyp alynýar. Mysal üçin: çubuşnikden islendik şekili döredip bolýar, ýöne ol örän çalt ösýär, şol sebäpli ony her 10-15 günden gyrkmak zerurçylygy döreýär. Altynsöw smorodinany bolsa, möwsüm dowamynda 1-2 gezek gyrkmak ýeterlik hasaplanylýar. Topiýar sungatynda şu aşakdaky sözlükler giňden ulanylýar: olar esasan şekil bermek, kesmek we gyrkmakdyr.
Şekil bermek – bu topiýar baglaryny döretmekde çendenaşa möhüm çäreleriň biri hasaplanyp, onda baglaryň köp sanly şahalary (zerur ýagdaýda skelet şahalary) kesilip aýrylýar. Şekil bermek işleri örän seresaply, ösümliklere şikes ýetirmezden, öňünden ýörite edabiýatlar bilen tanyşylyp geçirmek zerurdyr.
Kesmek – bu käbir aýry duran şahalary kesmek, gysgaltmak ýa-da doly kesip ýok etmekden ybarat bolup durýar. Baglary kesmekde şahalaryň kesilýän ýerlerine üns bermek örän zerurdir. Şahalar kesilende ýa-da gysgaldylanda pyntygyň depesinden ýa-da çatrygyň öňünden amala aşyrylýar. Artykmaç agaçlaşan pudaklar “halkalaýyn” usulda düýbünden kesilip aýrylýar.
Gyrkmak – bu pudaklary tutuşlygyna zerur bolan aralykda gysgaltmakdan ybaratdyr. Munda baglaryň birýyllyk we ikiýyllyk pudaklary islendik (duş gelen) ýerinden gyrkylyp, dürli şekiller ýasalýar.
Aýlar Ilbaýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby