Simap ähli janly-jandarlar üçin diýen ýaly zäherlidir, emma hapalanan toprakda we suwda ösüp bilýän bakteriýalaryň, kömelekleriň we ösümlikleriň görnüşleri hem bar. Häzirki wagtda alymlar hapalanan topragy we suwy howply metaldan arassalamak üçin umumy mugthor kömeleklerini ulanmagy teklip edýärler. Simap bilen hapalanyş dünýädäki ilatyň saglygyna howp salýar. Alymlar toprakda we suw howdanlarynda bu agyr metalyň düzümini kadalaşdyrmagyň täze usullaryny gözleýärler.
Hytaýdan we ABŞ-dan gelen halkara ylmy barlag topary mugthor kömelegi ulanyp, topragy bioremediasiýa etmegiň täsirli we arzan usulyny teklip etdi. Entomopatogen kömelek Metarhizium robertsii ozal hem alymlaryň ünsüni özüne çekipdi. Ol oba hojalygynda zyýankeşlere garşy göreşmegiň biologiki serişdesi hasaplanýar. Metarhizium robertsii diňe bir mör-möjeklere garşy göreşmän, eýsem beýleki kömelekleriň, şol sanda ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikler üçin howply bolan hereketleri basyp ýatyrmagy başardy. Indi kömelegiň peýdaly häsiýetleriniň sanawyna ýene biri goşuldy. Synagyň netijesinde simap bilen hapalanan toprakda ösdürilip ýetişdirilen mekgejöweniň adaty mekgejöwen bilen tapawudynyň ýokdugy ýüze çykaryldy.
Alymlar kömelegiň genomyny öwrenenden soň, simap birleşmelerini zyýansyzlandyrmaga ukyply bakteriýalaryň genlerine gaty meňzeş bolan iki sany geni tapdylar. Bu genleriň kömelege gerekli häsiýetleri berýändigine göz ýetirmek üçin alymlar olary Metarhizium robertsii genomyndan aýryp, hapalanan topraga mekgejöwen ekdiler. Kömelek bu gezek ösümlikleri halas edip bilmedi, olar simap bilen zäherlenip ýok boldular. Munuň tersine, Metarhizium robertsii genleriniň başga bir kömelegiň genine geçirilmegi oňa islenýän häsiýetleri berdi we mekgejöwenler halas edildi.
Alymlar genleriň täsirini öwrenenden soň, ýokary zäherli organiki simap birleşmelerini az zäherli organiki dällere bölýän fermentleri kodlaýandyklaryny anykladylar. Bu genleriň birnäçe nusgasyny kömelek genine girizmek bilen, işiň awtorlary simap hapalanmagyny arassalamak üçin ýokary täsirli gural aldylar: bary-ýogy 48 sagadyň dowamynda üýtgedilen kömelek süýji we duzly suwlaryň nusgalaryny howply simap birleşmelerinden arassalamagy başardy.
Geljekde alymlar meýdan synaglaryny geçirmegi we simap bilen hapalanan ýerlerde ekin ösdürip ýetişdirmek üçin peýdaly kömelegiň ulanylyşynyň näderejede netijelidigini barlamagy meýilleşdirýärler. Metarhizium robertsii dürli ösümlik görnüşleriniň köklerini aňsatlyk bilen kolonizasiýa edýändigi sebäpli, topraga goşmak ýakyn wagtda ekmek üçin täze meýdan taýýarlamagyň adaty bir bölegi bolup biler.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby