Iň gadymy hemişe gök öwüsýän agaçlaryň biri bolan araukariýanyň ajaýyp aýratynlyklarynyň biri tiken ýaprakly we teňňe örtükli, çylşyrymly şekilli şahalarydyr. Botanikleriň pikiriçe, şol şekili bilen hem bu agaç taryhdan ozalky döwürdäki uzyn boýunly hažžyklardan goranypdyr. Araukariýa biziň günlerimize çenli saklanyp galan agaçlaryň biridir. Emma gynansakda, soňky döwürde hünärmenler agajyň ýok bolma howpy bar diýip aladalanýarlar. Medeni araukariýa, ýer ýüzündäki bag we seýilgählerde ösýär we tebigy şertlerde ony diňe Argentinanyň we Çiliniň wulkan eňňitlerde tapyp bolýar.
Ýangynlar, ýerleriň arassalanmagy, mallaryň köpeldilmegi we agaçlaryň çapylmagy sebäpli, araukariýanyň öýi bolan tokaý massiwleriniň sany azalýar. Endemiki görnüşli guşlar meselem totyguşlar bu agajyň iri tohumlary bilen iýmitlenýärler. Agaç bilen olaryň hozyny ýygnaýanlaryň arasynda bufer ýaly hereket edýändikleri üçin totyguşlar araukariýa kömek edip bilerler. Mundan başga-da olar iýmitlenende tohum gabygyny aýyrýarlar we çalt gögermegine ýardam edýärler.
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby