Türkmen halky däp boýunça her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramyny uly dabara bilen belleýär. Bu baýramçylyga bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şeýle-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde giňden bellenilip, dürli dabaralaryň geçirilmegi birnäçe günläp dowam edýär. Halkymyzyň bu söýgüli baýramçylygynda ylmy maslahatlar, ýurdumyzyň görnükli atşynaslary we seýisleri bilen duşuşyklar, sahnalaşdyrylan oýunlar, konsertler we at sport bäsleşikleri geçirilýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramy Arkadag şäherinde geçirilýär.
Her ýyl Aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralar geçirilýär. Şanly senäniň hormatyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda, ähli welaýatlaryň atçylyk sport toplumlarynda esasy baýramçylyk çäreleri dabaralanýar.
Ahalteke bedewlerine halkara derejede uly ähmiýet berilýär. Ganatly Ahalteke bedewlerimiz tutuş adamzadyň medeni mirasyna ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň döredijilikli zehininiň aýdyň miwesidir.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby