Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy goşgularynda hem tebigatyň beýleki baýlyklary bilen bir hatarda onuň ösümlikler dünýäsi hem öz beýanyny tapýar. Bu bolsa şahyryň öz ýaşaýan ülkesiniň tebigatyny we onuň haýwanat hem-de ösümlik baýlyklaryny jany-teni bilen söýendigine şaýatlyk edýär. Onuň goşgularynda dürli ösümlikler, aýratyn hem dag ösümlikleri barada maglumat örän köpdür.
Türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy öz Watanynynyň dag-düzüni, ösümlikdir jandarlaryny çyn ýüregi bilen söýen we olara guwanan şahyrdyr. Muňa onuň ýazan goşgularynyň haýsysyny okasaň hem göz ýetirmek kyn däl.
Magtymguly Pyragy tebigatyň iň bir gymmatly baýlygy bolan her dürli ir-iýmişli we gelşikli bezeg ösümliklerine gözel gelin-gyzlaryň owadan syratyny meňzedipdir. Pasyllaryň soltany bolan bahary, tebigatyň ýaraşygy bolan gülleri Magtymguly Pyragy öz goşgy setirlerinde ussatlyk bilen wasp edipdir. Gülleriň adama berýän ruhy lezzeti, getirýän şatlygy, joşguny, ýaşaýşa bolan höwesini artdyrmagy şahyryň şygyrlarynda esasy orun tutupdyr. Ol gözelligiň, päkligiň, ýagşy zatlaryň nyşany hökmünde gülleri öz goşgularynda wasp edipdir, gelin-gyzlaryň gözelligini, gylyk-häsiýetlerini, edep-ekramyny güle deňäpdir.
Magtymguly türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldarydyr, bütin gündogaryň parlak ýyldyzydyr. Onuň halka ýüzlenip döreden eserleri örän köpdür. Onuň döredijiliginde halkyň bir pikire gulluk etmekleri, ata watany söýmek, däp-dessurlara we ynsan şahsyýetine uly hormat goýmak uly orun eýeleýär. Ata watanyň gözel tebigaty onuň döredijiliginde aýratyn orun eýeleýär.
Laçyn Pirnazarowa
Daşoguz şäheriniň 13-nji orta mekdebiniň
başlangyç synp mugallymy