Ata-babalarymyzdan biziň günlerimize gelip ýeten milli mirasymyza, däp-dessurlarymyza we ýörelgelerimize hem döwlet derejesinde uly üns berilýär. Türkmen halky geçmişde ahalteke bedewleri bilen dünýä ýaň salypdyr. Halkymyzyň durmuşynda bedewleriň örän uly ähmiýeti bolupdyr. Şeýle bolansoň, halkymyzda bedewler bilen baglanyşykly birnäçe nakyllar, atalar sözleri, rowaýatlar, ertekiler, dessanlar we beýleki halk döredijilik eserleri hem döredilipdir. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza sowgat eden “Paýhas çeşmesi” kitabynda hem türkmen bedewleri barada gymmatly pähim-paýhasa ýugrulan nakyllar we atalar sözleri beýan edilýär.
Türkmen bedewleriniň hak hossary eziz Arkadagymyz türkmen bedewleriniň arassa tohumyny saklamak, kemala getirmek, türkmen bedewleriniň şöhradyny dünýä ýaýmak ugrunda birnäçe işleri alyp barýar.Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan we ýiti zehininden dünýä inen “Ahalteke bedewleri – biziň buýsanjymyz we şöhradymyz”, “Ganatly bedewler” atly kitaplary türkmen bedewleriniň taryhdaky şöhrady we bu günki dünýä ýüzündäki abraýy barada gymmatly maglumatlary özünde saklaýar. Milli Liderimiziň bu eserleri türkmen bedewlerine goýulýan uly hormat-sarpadyr. Ýurdumyzda “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahatyň her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrüldi.
Türkmen bedewleri türkmen halkynyň milli buýsanjy bolup, olar türkmenlerde iň ýakyn dost, syrdaş hasaplanýar. Halkymyzyň milli mirasynda bedewler bilen baglanyşykly birnäçe däp-dessurlar, edim-gylymlar we ýörelgeler bolupdyr.
At türkmenleriň gadymy wagtlardan bäri diňe bir ulagy bolman, eýsem syrdaşy hem dosty bolupdyr. Uly baýramlaryň, tomaşaly toýlaryň, mähelleli aýlawlaryň bezegi bolan, ýörände seýkin basyp, çapanda ýerläp uçýan, üsti şemally bedewlerimiz türkmeniň köňül ganatydyr, milli buýsanjymyzdyr.”
Döwlet Tugramyzyň merkezinden orun alan türkmen bedewleriniň şan-şöhradyny dünýä ýaýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen atşynaslary bilen bir hatarda tutuş halkymyzyň hem alkyşlary tükeniksizdir.
Tagandurdyýew Rejep
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby




