Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýalar-maglumat merkezi Türkmenistanda bilimiň sanlylaşdyrylmagyna möhüm goşant goşan mugallymlar, ene-atalar we mekdep okuwçylary üçin «E-mekdep», bitewi elektron ulgamyny işläp düzdi we ony işe girizdi.
Okuwçynyň sapakda alýan alýan bahalary «E-mekdep» ulgamynyň ýörite programmalary, enjamlary we algoritmleri arkaly derňelýär. Bu ulgamyň kömegi bilen ene-atalar mugallymlar bilen öz wagtynda aragatnaşyk guramaga we mekdep mugallymlary hakda maglumat almaga mümkinçilige eýe bolýar. Häzirki wagtda «E-mekdep» meýdançasy Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň orta mekdepleriniň we beýleki welaýatlaryň orta mekdepleriniň ählisinde ornaşdyryldy.
Bu elektron ulgam ene-atalara çagalarynyň okuwa gatnaşygyna netijeli gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär, olaryň gatnaşygy we ýetişigi, synpda öwrenilýän temalar, öý işleri, mugallymlaryň bellikleri, ol ýa-da beýleki derslere höwesi barada edil şol wagtda maglumat almaga mümkinçilik berýär. Maglumat islendik wagt, işde ýa-da öýde onlaýn bolsun, sms ýa-da «E-mekdep» ykjam goşundy arkaly sanly habar görnüşinde elýeterlidir.
Şeýle sanly hyzmatlar dünýäniň ösen ýurtlarynyň köpüsinde giňden ulanylýar. Türkmenistanda 2021-nji ýyldan bäri bu meýdança boýunça işler alnyp barylýar, ol orta mekdepleriň birnäçesinde synagdan geçirilip, has kämilleşdirildi. Häzirki wagtda «E-mekdep» ulgamy doly işjeňdir, ony Google Play ýa-da Appstore goşundydan göçürip alyp bolýar.
KAKAÝEWA ÇEMEN
Daşoguz şäheriniň 13-nji orta mekdebiniň mugallymy