Ejem pahyr ömrüniň 40 ýylyny çaga terbiýesine bagş etdi.Asly käri türkmen dili we edebiýaty mugallym bolandan soň,gazet zurnallary orän köp okardy,okan gyzykly zatlaryny elmydama ýazyp alýardy. Arada ejem pahyryň şol bellik edýän depderçesini okap görmek üçin aldym. Depderi okanymda örän köp täsirli zatlaryň bardygyny gördüm. Ylaýtada ejem pahyr keramatly sanlar barada birnäçe zatlary bellän eken. Ata –babalarymyz özleriniň akyl paýhasy bilen ruhy gymmatlyklary döredipdirler. Şol gymmatlyklaryň biri hem keramatly sanlarydyr. Üçlük, bäşlik, ýedilik, dokuzlyk kyrk ýaly sanlar edebi kitaplarda has köp duş gelmek bolar.
Üçlük san barada:
Okamak üçin üç zat zerur:
- Yhlas
- Wagt
- Şert
3 zady gizläp bolmaýar:
- Ukyny
- Söýgini
- Ölümi.
3 zat duýdansyz gelýär:
- Wagt
- Söýgi
- Ölüm
Has ynanjaň 3 adam:
- Mal ýitiren
- Sallah
- Näsäg.
3 adamdan aşyňy gysganmaly däl:
- Çagadan
- Ýetimden
- Myhmandan
Mämmetweli Keminäniň “Ýel bile” goşgusynda:
Aşyklyk derdine tapylmaz çäre,
Gamzaň okdur,peýkam salypdyr ýara,
Üç ýogyn,üç inçe,üç ak,üç gara
On iki syn ýaraşmyş niçe bil bile.
-diýen setirlerinde üç ýogyn:
- saçy
- bilegi
- budy
Üç inçe: bil,boýun,barmak
Üç Ak: alkym,ýüzi,dişi
Üç Gara:saç,gaş,göz.
Ýedilikler barada
Ýedi täsinlik:
- Gadymy Müsür piramidasy
- Wawilondaky Semiramidanyň asma baglary
- Efesdäki Artemidanyň ybadathanasy
- Zewsiň heýkeli
- Galikarnasdaky mowzoleý
- Geliosyň Rodos adasyndaky heýkeli
- Aleksandriýanyň Faros adasyndaky maýagy.
Ýedi arka: 1.Dogan 2.Doganoglan 3.Dolanan4.Babadaş 5.Garyndaş 6.Obadaş 7.Il biri Ýedi nesil: 1.Ogul 2.Agtyk. 3.Çowluk 4.Ýuwluk 5.Gowluk 6.Geňlik 7.Taňlyk
Mährijemal Nizametdinowa,
Daşoguz şäherindäki 13-nji orta mekdebiň mekdep müdiriniň terbiýeýeçilik işleri baradaky orunbasary,Ýaşlar baýragynyň eýesi.