Adamlar köplenç üstünlikli durmuşyň diňe şowlulykdygy baradaky ýalňyş düşünje bilen ýaşaýarlar. Her bir adam üstünlik gazanmak we durmuşda belent sepgitlere ýetmek isleýär, emma özlerini kämilleşdirmegi meýilleşdirmeýärler. Belki biziň elmydama aňsat işleri etmegi halaýanlygymyz sebäplidir.
Üstünlikli adam şahsy we hünär ösüşiniň ähmiýetine düşünýär. Öz ugrunda üstünlik gazanmak üçin öwrenmäge, täze başarnyklary ösdürmäge, döreýän kynçylyklardan zeýrenmezden üstünlik ýolundaky päsgelçilikleri özbaşdak ýeňip geçmäge taýyn. Üstünlige ýetmek, rahatlyk zonaňyzy terk ermegi aňladýar.
Ynsan nämedir bir zady çyny bilen isläninde ýa-da töwekgelçilik edip ilkinji ädimleri ädende ol hökman ýeňiş gazanýar. Ilkinji ädimler elmydama kyn we ilkinji synanyşykda oňyn netijeler gazanyp bolmaýar. Ilkinji synanyşykdaky şowsuzlyk- bu ýagdaý şol işiň gutarnykly şowsuzdygyny görkezmeýär. Şowsuzlyklar iru-giç üstünlige öwrülýär.
Üstünlige barýan 7 ädim:
- Üstünlige bolan isleg: Üstünligiň başlangyjy mydama islegden başlanýar. Adam öňündäki päsgelçilikleri özi döredýär. Üstinlige ýetjekdigiňe ynanmak gerek. Psihologlaryň aýtmaklaryna görä, beýnide dörän ähli zady döredip bolýar. Bu sebäpden beýnimiz bedene buýruk berip, hereket etmegimize itergi berýär.
- Ynam: Üstünlige ynam bilen başlaň! Ynam özüňde goýan islendik maksadyň açarydyr. Ynam beýnide ornan çäklendirmeleri aýyrýar. Özüňe bolan ynam durmuşdaky ornuňy kesgitleýär. Ahyrky gazanjak netijäňe, hasyl etjek maksadyňyza berk ynanyp göz öňüňize getirmek (wizuallaşdyrmak) üstünlige ýetmegiň bir bölegidir.
- Aýdyň maksat: Başlangyç nokat maksadyň anyklygydyr. Maksat aýdyň, anyk we real bolmaly. Üstünligi meýilleşdiriň. Meýilnamalaryňyzy durmuşa geçirmek üçin aýgytly ädimler ädiň. Dogry kesgitlenen maksat we oňa ýetmek üçin anyk kesgitlenen ädimler islenýän netijäni mümkin boldugyça çalt gazanmaga mümkinçilik berýär.
- Tutanýerlilik: Bu kynçylyklara we päsgelçiliklere garamazdan kesgitli bir maksada ýetmäge gönükdirilen ukypdyr. Päsgelçilikler bilen ýüzleşenimizde tutanýerlilk biziň üçin müşgilliklere garamazdan ýolumyzy dowam etmäge ýardamçydyr. Adamyň aňynda berk orun alan bu häsiýet ähli kynçylyklary ýeňýär.
- Kitap okamak,öwrenmek: Kitap okamaklyk çalt pikirlenmäge, ýatkeşligi gowulandyrmaga kömek edýär. Okamak diňe bir dürli ugurlardaky bilimlerimizi giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem döredijilikli we innowasion pikirlenmäge mümkinçilik berýär. Baý maglumatlara eýe bolan adamyň dünýägaraýşy giňdir. Köp okamak ömrüň manysyny artdyrýan endikdir.
- Oňyn garaýyşlar: Adamlaryň aglabasynyň duýgylara ýa-da emossiýalara eýerýändikleri oňat mälimdir. Ýagşy emossiýalar oňyyn garaýyşlardyr (entusiasm). Oňyn garaýyşlar bolsa gündelik döreýän meselelerimizi netijeli çözmegimize ýardam edýär.
- Irginsiz zähmet: Çalt ösüş gazanmak üçin beýlekilerden has netijeli we has köp işlemeli bolarsyňyz.
Üstünlik özüňi kämilleşdirmekden başlanýar. Ýalňyşlyk goýbermezden, şowsuzlyklara uçramazdan kämillige ýetip bolmaýar. Öňde goýan maksadyňa ýetmek üçin diňe arzuw etmek ýeterlik däl. “Suwa ýykylan däl, bir ýerde duran gark bolar” diýlişi ýaly, maksadyňa tarap diňe öňe ýöremek gerek. Biz durmuşdan geregimizi almasak ol bize eçilmeýär. Üstünlik biziň çeken zähmetimiziň miwesidir.
Döwlet HALLYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby