Amerikanyň Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary uzak ömür sürmegiň syryny agzadylar. Olaryň pikiriçe, ýanýoldaşly adamlar uzak we sagdyn ýaşaýarlar. Bu barada Personality and Social Psychology žurnalynda çap edilen makalada aýdylýar diýip, MIR24 ýazýar.
Barlaglaryň dowamynda 154 sany orta we uly ýaşly jübütleriň 1989-2009-njy ýyllar aralygynda toplanan maglumatlary seljerildi. Her bäş ýyldan bu jübütler alymlaryň barlagyna geldiler we özleriniň gatnaşyklaryndaky soňky wakalary gürrüň berdiler. Olaryň esasynda hünärmenler är-aýallaryň söhbetdeşlik wagty başdan geçiren şahsy we umumy emosiýalaryny kesgitlediler.
Oňyn duýgularyň ýanýoldaşlaryň ikisine hem ýakymly täsir edýändigi we olaryň saglygyny gowulandyrýandygy ýüze çykaryldy.