Tebigatyň janlanýan, daş-töweregiň al-elwan güllere beslenýän günlerinde “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň resmi web- saýty işläp başlady. Onuň işe girizilmegi guramanyň işini döwrebaplaşdırmakda nobatdaky ädim bolup, amala aşyrylýan ekologiýa başlangyçlary baradaky maglumatlaryň elýeterliligini yokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Guramanyň esasy iş ugurlary ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge goşant goşmakdan, ýaş nesilleriň arasynda ekologiýa medeniýetini kemala getirmekden we “ýaşyl” endikleri wagyz etmekden ybaratdyr. Alnyp barylýan işler milli derejedäki ekologiýa maksatnamalaryny we meýletinçilik hereketlerini öz içine alýar
“Web-saýtymyzyň işe girizilmegi sanlylaşdırma bilen ekologiýa medeniýetiniň utgaşmasydyr. Ol diňe bir maglumat çeşmesi bolman, eýsem, tebigaty goramak bilen bagly başlangyçlaryň ähli taraplar üçin elýeterli bolmagyna hyzmat eder. Bu platforma ekologiýa durnuklylygy ugrunda halkara derejesindäki gatnaşyklary berkidýän möhüm köpri bolar”
diýip, guramanyň başlygy Leýli Şyhmädowa belleýär
Ulanyjylar habarlar, amala aşyrylan işler baradaky makalalar bilen türkmen, rus we iňlis dillerinde tanşyp bilerler. Şeýle hem olar tebigaty goramaga goşant goşmak maksady bilen gurama agza bolup ýa-da meýletinçilik hereketine goşulyp bilerler.
Web-saýtyň işe girizilmegi jemgyýetçilik we halkara guramalar bilen özara gatnaşyklaryň işjeňleşmegine hem-de ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam eder.
“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýtynyň işe girizilmegi diňe bir ekologiýa taýdan möhüm ädim bolman, eýsem ykdysady ösüşe hem täsir edýän ähmiýetli başlangyçdyr. Häzirki döwürde “ýaşyl ykdysadyýet” düşünjesi dünýäde giňden ornaşýar we şeýle sanly platformalar bu ugurda maglumatlaryň ýaýramagyny çaltlandyrýar. Web-saýt arkaly ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar, energiýa tygşytlaýjy usullar hem-de gaýtadan işlemek mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat berilmegi telekeçileriň we ýaşlaryň täze ykdysady mümkinçilikleri öwrenmegine şert döredýär.
Bu ýagdaý öz gezeginde täze “ýaşyl” taslamalaryň döremegine we maýa goýumlaryň artmagyna getirip biler. Ekologiýa bilen bagly önümçilik we hyzmatlar ulgamynyň ösmegi täze iş orunlarynyň döredilmegine, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegine ýardam berýär. Şonuň bilen birlikde, halkara hyzmatdaşlygyň giňelmegi netijesinde daşary ýurt tejribeleri we innowasion tehnologiýalar ykdysadyýete ornaşdyrylýar, bu bolsa önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrýar.
Mundan başga-da, platforma tebigy serişdeleri tygşytly peýdalanmagyň ähmiýeti barada jemgyýetde düşünjäni güýçlendirýär. Bu bolsa çykdajylaryň azalmagyna, serişdeleriň netijeli dolandyrylmagyna we uzak möhletleýin ykdysady durnuklylygyň üpjün edilmegine getirýär. Şeýlelikde, web-saýtyň işe girizilmegi ekologiýa bilen ykdysadyýetiň özara baglanyşygyny güýçlendirýän we durnukly ösüşe hyzmat edýän möhüm ädim bolup durýar.


