Ýaşyl kofe barada maglumatlar soňky döwürde gaty meşhur boldy we horlanmagyň aňsat usuly hökmünde tanalýar. Eýsem bu görnüşli kofeniň peýdalary name? Ýaşyl kofe hakda gyzykly maglumatlar:
- Ýaşyl kofe – kofe agajynyň miwesinden alynýan gowrulmadyk kofe däneleridir.
- Ýaşyl dänelerden öndürilen içgi, adaty kofeden ysy we tagamy bilen tapawutlanýar.
- Gowrulan kofe bilen deňeşdirilende, ýaşyl kofede 25% kofein bar.
- Ýaşyl kofeniň peýdaly tarapy, onuň hlorogen kislotasyna baý bolmagydyr. Bu madda güýçli antioksidant bolup, bedeni erkin radikallardan arassalaýar.
- Ýaşyl kofe, gorag funksiýalary ýokarlandyryp, derä oňyn täsir edýändigi mälimdir. Kosmetologiýada saçyň ýagdaýyny berkleşdirmek we gowulaşdyrmak şeýle-de uzaga çeken yzlary ýok etmek we ýygyrtlaryň döremeginiň öňüni almak üçin hem ulanylýar.
- Ýapon alymlarynyň geçiren gözleglerine görä, hlorogen kislotanyň we kofeniň birleşmegi bedendäki ýagy azaltmaga kömek edýär. Şeýle-de bolsa, alymlar içginiň özi täsir etmeýändigini, diňe yzygiderli bedenterbiýe we deňagramly iýmitlenmek bilen bilelikde kömekçi bolup biljekdigini bellediler.
- Bedene ähli oňyn täsirlerine garamazdan, adaty ýagdaýda ýaşyl kofeni aşa köp içmek (günde iki ýa-da üç käseden köp) gan basyşynyň ýokarlanmagyna, aşgazan-içege ulgamynyň bozulmagyna, kalsiniň siňdirilmeginiň bozulmagyna, kofein sebäpli bolýan endiklere, ýaralaryň döremegine, osteoporozyň ösüşine şeýle-de ýatkeşligiň peselmegine we ş.m. sebäp bolýar.
- Ýaşyl kofe ýürek-damar ulgamy we süýji keseli bilen kesellän adamlara, göwreli aýallara içmek maslahat berilmeýär.
Ogulmaýsa Garaýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby