Ykdysady eýeçiligi
Eýeçilik ýuridiki manyda emläk gatnaşyklaryny aňladýar. Has takygy hukuk normalarynda dürli obýektler tarapyndan maddy baýlygyň nähili eýelenýändigi we olaryň arasynda nähili paýlanýandygyny kesgitlenilýär. Kanun boýunça zadyň eýesi özüne degişli emläge öz isleýşine görä eýeçilik etmäge, ondan peýdalanmaga we oňa erk etmäge hukugy bardyr. Şeýdip döwlet ýuridiki kanunlarynyň üsti bilen durmuşda bar bolan eýeçilik gatnaşyklaryny berkidýär we goraýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda eýeçilik eldegirilmezdir diýlip ýazylandyr. Eýeçilik ykdysady manysynda önümçilik serişdelerine we onuň netijesine eýelik etmek boýunça adamlaryň arasynda döreýän çylşyrymly önümçilik gatnaşyklaryny aňladýar. Maddy nygmatlary öndürmek-munuň özi adamlary tebigatyň zatlaryna eýeçilik etmegidir. Emma tebigatyň we adamlaryň döreden baýlygynyň kime degişlidigini kesgitleýän gatnaşyklardan daşary hiç zada eýelik edip bolmaýar.
Eýeçilik gatnaşyklarynyň görnüşleri
a) eýelik etmek; b) eýelikdäki zatlary peýdalanmak; ç) eýeçiligi ykdysady durmuşa geçirmek. Bularyň hemmesi önümçilik döwründe (prosesinde) adamlaryň arasynda döreýän ykdysady gatnaşyklaryň düýp mazmunyny düzýär.Eýelik etmek diýip adamlaryň zatlara özüniňki hökmünde garamak gatnaşygyny emele getirýän ykdysady gatnaşyklaryna aýdylýar. Eger-de kimde-kim »şu traktor meniňki» diýse, onda ol şeýle diýmek bilen, hereket edýän hojalyk gatnaşyklaryny häsiýetlendirýär. Ýagny ol ýaňky emlägi (traktory) kimiň eýelemek mümkinçiliginiň bardygyny kesgitleýär.
Türkmen oba hojalyk instituty
1-nji ýyl talyby Nowruzowa Gülkamar