Günorta Koreýaly inženerler deride ýygnanýan statiki elektrik energiýasy bilen işleýän ykjam suw arassalaýjysyny döretdiler. Enjam işlemek üçin zerur energiýany bary-ýogy 10 minutlyk pyýada ýörelmegiň hasabyna ýygnaýar. Şeýle enjam tebigy betbagtçylyklar bolan wagtynda ýa-da arassa suw we iýmit çeşmeleri elýeter bolmadyk sebitlerde peýdaly bolup biler.
Iň ösen ýurtlarda adamlar arassa suw ýetmezçiligini başdan geçirýärler. BMG-niň maglumatlaryna görä, ýer ýüzünde, takmynan, iki milliard adam ýokary hilli suwdan peýdalanyp bilmeýär (ýeterlik bolmadyk arassa suw içýärler), hatda has köp adam ýönekeý sanitar-gigiýeniki infrastrukturasy bolmadyk şertlerde ýaşaýar.
Içimlik suw meselesini çözmegiň usullaryndan biri zyýansyzlandyrma (dezinfeksiýa) bolup durýar. Muny öý şertlerinde hem gaýnatmak, we önümçilik usullary — ozonirlme, hlorlama arkaly etmek bolar. Emma köp halatlarda energiýa talap edilýär we has uly dezinfeksiýa prosesi barada aýdylanda, çylşyrymly, gymmat modul konstruksiýalary hem talap edilýär.
Dürli ýurtlaryň inženerleri köpden bäri suwy dezinfeksiýa edip, elektrik energiýasyny sarp etmeýän ykjam arassalaýjy enjamlary döredýärler. Şeýle enjamlaryň artykmaçlygy äşgärdir: olar elýeter, ýeňil we elmydama adamlaryyň ýanynda göterilip bilner.
Şeýle enjam Günorta Koreýadan we Hytaýdan Ýonse uniwersitetinden Sang-Wu Kimiň ýolbaşçylygyndaky ylmy-barlag topary tarapyndan döredildi. Alymlar ykjam arassalaýjyny “Nature Water” žurnalynda çap edilen makalada beýan etdiler.
Kim we kärdeşleri 500 millilitrlik gaýtadan ulanylýan suw çüýşesini alyp, içerde geçiriji polimer polipirroldan köp sanly nanosterženler bilen metal däl elektrod oturtdylar. Bu nanosterženler ýöräninde adam bedenine “ýygnanýan” elektrostatik zarýadlary jemleýär we bakteriýalary hem-de wiruslary öldürmek ýa-da konsentrasiýasyny iň pes derejä çenli peseltmek üçin güýçli elektrik meýdanlaryny döredýär.
Inženerler çüýşäniň daşyna kiçijik alýumin folga dakdylar, ol adamyň elinden statiki elektrik ýygnaýar we soňra mis simine gönükdirilýär. Soňra bu sim energiýany çüýşäniň içindäki elektroda geçirýär.
Synag, enjamyň bakteriýalary we wiruslary öz içine alýan derýa suwlaryny ýöräp başlandan 10 minut geçensoň doly dezinfeksiýa edip biljekdigini, şeýle-de ýöreýän adam ädiminiň tizligini ýokarlandyrsa, has hem çalt arassalamga ukyplydygyny görkezdi. Ýagny, enjamyň işlemegi üçin ýeterlik mukdarda energiýa 10 minutlyk gezelenjiň neytijesinde ýygnanýar.
Şeýle-de bolsa, ylmy-barlagyň awtorlary aýakgap materiallarynyň we ýeriň arasyndaky sürtülme netijesinde döreýän elektrostatik zarýadyň döremegine uly täsir edýändigini bellediler. Mysal üçin, polikarbonatdan, kauçukdan we poliwinil hloridden ýasalan aýakgaplar, deriden ýasalanlardan has ýokary netijeliligi üpjün edýär. Mundan başga-da, ýagyş ýaly çygly gurşawda enjamyň täsiri peselýär. Çyglylyk näçe ýokary bolsa, şonça-da statiki elektrik az ýygnanýar.
Indi inženerler topary nanosteržen öndürmek üçin has täsirli prosesi tapmaga synanyşýar. Kim we kärdeşleri ýakyn wagtda umumy bazara çykjak enjamlarynyň söwda taýdan amatly görnüşini döretjekdiklerini bellediler.
Hanymjan KURAMBAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby