Üstünligiň esasy özeni – özümiz bir ýerde durup, ýaşaýşymyzyň has gowulaşmagyny isleýän bolsak, onda durmuşy gözelleşdirmek üçin hiç zat etmeýändigimiz bolýar. Ýaşaýşa nämedir bir zatlar bermek, eliňde baryndan eçilmek, ukybyňda baryny paýlaşmak, bagyş etmek — ömre many çaýýan zatlaryň biri. Munuň üçin ýaşaýşy, durmuşy söýmek gerek. Daş-töwerege, özümizi gurşan hal-ýagdaýlara söýünç bilen bakmak gerek. Durmuşa çynlakaý çemeleşmeli, ony öňküsinden-de has gowy etmäge, has ajaýyp etmäge çalyşmaly. Sebäbi ýaşamagyň maksady şol — has gowusyna ymtylmaly. Özi hem özgelere agyr ýük bolmazdan, gaýry adamlaryň hak-hukugyny kemsitmezden, hut öz başarnygymyz, öz yhlasymyz, öz arassa we halal zähmetimiz bilen berjaý etmeli. Diňe öz bähbidimize däl, hemmeleriň haýryna bolar ýaly ylgamaly. Gazanýan her bir zadymyz, ýerine ýetirýän işimiz, edýän hereketimiz bütin ömrümiz üçin haýyrly bolmalydyr.
Üstünlige tarap gitýän ýol – döwürden üzňe bolmak, ýaşaýşa doýgun nazar, tutuksy garaýyş bilen bakmak ynsana gelişýän zat däldir. Hatda dindar bolsaňam, dünýewiligiňi unutmaly däldir. Hersinden özüňe geregini al: diňe dünýä gymmatyna gyzygyp, halaly-sogaby köýdürme. Diňe dine berlip, döwrüňi, durmuşyňy ýatdan çykarma. Ýaşamak we ýaşaýşy has-da gözelleşdirmek üçin dünýewi gyzyklanmalary birjikde gözden salmaly däldir. Başarsaň eser ýaz, kitap oka, öwret. Höwesiň, yhlasyň bar bolsa, git, bazara çyk, söwda et. Jaý gur, bina galdyr. Harytlar nirede geçginli bolsa, haýsy ýeriň bazary şüweleňli geçýän bolsa, şol ýerlere barda, öz başarnygyňy görkez. Bu özüňi açmagyň ygtybarly we halal ýoludyr.
Türkmen oba hojalyk instituty
3-nji ýyl talyby Öwezgeldiýew Döwlet


