Bu makalada siziň dünýä baradaky bilimleriňizi giňeltjek ylmy faktlar jemlenendir:
Çagalarda uly adamlara seredende, takmynan, 70 töwerek süňki artykmaçdyr. Täze doglan çagalarda adatça 270 süňk bar, olaryň köpüsi gaty kiçi. Bu skeleti has çeýe edýär we çaganyň dogluş kanalyndan geçmegine we çalt ösmegine kömek edýär. Ýaşy ulaldygyça bu süňkleriň köpüsi bilelikde ösýär. Uly adamyň bedeninde ortaça 200-213 süňk bar.
Eýfel diňi tomusda 15 santimetr ösýär. Uly gurluş, polat hiç hili zyýan bermezden giňelip we gysylyp bilýän temperaturanyň kompensatory bilen gurlupdyr. Polat gyzanda, giňelip başlaýar we has uly göwrümi alýar. Muňa termiki giňelme diýilýär. Munuň tersine, temperaturanyň peselmegi göwrümiň kiçelmegine getirýär. Şol sebäpli uly desgalar mysal üçin, köprüler kompensatorlar bilen gurlup, ölçegleri zaýalanmazdan üýtgemäge mümkinçilik berýär.
Kislorodyň 20% -i Amazon tropiki tokaýynda emele gelýär. Amazon ýagyş tokaýlygy 5,5 million inedördül kilometri tutýar. Amazon tokaýlary köp mukdarda kömürturşy gazyny siňdirip, Ýeriň kislorodynyň ep-esli bölegini öndürýär, şonuň üçin olara köplenç planetanyň öýkenleri diýilýär.
Käbir metallar himiki taýdan şeýle işjeňdir, hatda suw bilen gatnaşyga girenlerinde hem partlaýar. Käbir metallar we birleşmeler — kaliý, natriý, litiý, rubidiý we seziý — himiki işjeňligiň artýandygyny görkezýär, şonuň üçin howa bilen gatnaşyga girende ýyldyrym çaltlygynda ot alyp, suwa göýberilende bolsa hat-da partlap hem biler.
Gawaýi her ýyl Alýaska 7,5 sm ýakynlaşýar. Ýeriň gabygy birnäçe uly böleklerden — tektoniki plitalardan durýar. Bu plitalar mantiýanyň ýokarky gatlagy bilen yzygiderli hereket edýär. Gawaýi, Alýaskanyň ýerleşýän Demirgazyk Amerika plitasyna ýuwaş-ýuwaşdan demirgazyk-günbatara tarap süýşýän Ýuwaş ummanyň merkezi böleginde ýerleşýär. Tektoniki plitalar adamyň dyrnaklarynyň ösüş tizligi bilen deň derejede hereket edýär.
Teplowizor bilen polýar aýylary görmek mümkin däl diýen ýaly. Teplowizor şekillendirijiler bir zady çykýan ýylylygy bilen kesgitläp bilerler. Polýar aýylar ýylylygy saklamak boýunça hünärmenlerdir. Deri aşagyndaky galyň ýag gatlagy we ýyly tüýüniň kömegi bilen aýylar Arktikanyň iň sowuk günlerine-de çydap bilýärler.
Gün şöhlesiniň Ýere ýetmegi üçin ýagtylyga 8 minut 19 sekunt gerek bolar. Ýagtylygyň tizliginiň sekuntda 300,000 kilometre ýetýändigi mälimdir. Ýöne şeýle baş aýlanýan tizlik bilen hem Gün bilen Ýeriň arasyndaky uzaklygy geçmek üçin wagt gerek bolar. 8 minut kosmiki masştabda kän däl. Gün şöhlesiniň Plutona ýetmegi üçin 5.5 sagat gerek bolar.
Aşgazan şiresi päkini hem eredip biler. Aşgazan ýokary pH düzümi iki-üç aralygynda (wodorod görkezijisi) bolan iýiji duz kislotasynyň kömegi bilen iýmit siňdirýär -. Emma şol bir wagtyň özünde, kislota aşgazanyň nemli bardasyna täsir edýär, ýöne çalt dikeldip bilýär. Aşgazanyň nemli bardasy her dört günden bir gezek täzelenýär.
Wenera sagat ugruna aýlanýan ýeke-täk planetadyr. Alymlaryň munuň näme üçin bolup geçýändigi barada köp wersiýasy bar. Iň ähtimaly: Geçmişde onuň ugruna täsir eden ägirt uly asteroidler ýa-da ýokarky atmosferadaky howa akymlarynyň güýçli aýlanmagy sebäpli.
Sähragül Iskenderowa
Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi