«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen 2024-nji ýylyň şowly bolşy ýaly, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan 2025-nji ýylda hem halkymyza uly-uly üstünlikler, möhüm wakalar garaşýar. Bu ýylda Türkmenistan Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynda iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny şanly baýram hökmünde giňden belläp geçer. Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýol-ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly döwlet syýasaty bilen berkarar bolýan ajap eýýamyň şan-şöhratyny has-da beýgeltmek bilen bagly beýik işleriň üstünlikli dowam etdiriljekdigini ýylyň başyndan bäri bolup geçýän wakalar hem aýdyň subut edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe TDP-niň welaýat, şäher, etrap komitetleri özleriniň syýasy-guramaçylyk işlerini türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasatynyň, durmuşa geçirilýän özgertmeleriň, Maksatnamalarynyň many-mazmunyny halk köpçüligine wagyz-nesihat etmäge, durmuşa geçirmäge gönükdirýärler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň, halkymyzyň bähbidine gijesini gündiz edip alyp barýan işleriniň netijesinde belent sepgitlere ýetilýär. Halkymyz muňa örän oňat düşünýär we her bir işde, her pursatda Milli Liderimizi, hormatly Prezidentimizi öz yhlasly zähmeti, watançylyk hereketleri bilen ýürekden goldaýar.
Biz hem Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalaryň işgärleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň syýasy partiýalaryň jemgyýetçilik guramalaryň öňlerinde goýan möhüm wezipelerini ýerine ýetirmek, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny has-da dabaraldyrmak , hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatyny ilat arasynda wagyz etmek, düşündirmek boýunça ýörite düzlen meýilnama esasynda giň gerimli işleri geçirýäris
Abdyrahymowa Altyn, EHM-iň operatory