Görogly dessany, asyrlar boýy türki dünýäsiniň ýaşaýyş durmuşyny, taryhyny, söz çeperçiligini, poeziýa we saz sungatyñ baýlygyny görkezýän deňi-taýy bolmaýan taryhy eserdir.
Görogly dessany türki döwletleriň hemmesine mahsus bir eserdir. Her türki halkyň öz Görogly dessany bardyr. Türkmen halkynyň Görogly dessany her milletde bolşy yaly, türkmen halkynyň gahrymanlygyny, mertligini, söze çeperligini, halk döredijiligine gaty baý millet bolandygynyň esasy subutnamalaryndan biridir.
Görogly dessany çeperçilik babatda iň ýokary derejede bolup, agyzdan agza geçip gelen halkyň döreden eseridir. Görogly dessanynyň içinden eriş–argaç bolup geçen esasy zatlar Gyrat, dutar we kesgir gylyç, gadymy döwürde türkmen ýigitleriniň ýanynda göteren üç zeruriýeti hasaplanypdyr.
Görogly dessanynda esasy öňe sürülýän wakalar, türkmenleriň az sanly göçüp gonup ýören millet bolanlygy, ýöne, hiçbir hökümdara gulluk etmedigini, hiçbir döwlete boýun egmedigini, hiçbir halka gul bolmandygyny giňden beýan edýär. Bu halkyň başynda hemişe batyr serdary, halkdan ýetişen gahryman ýigitlerniň, ondan söweş tälimlerini öwrenip, onuň töwereginde jemlenişleri baradadyr. Görogly hem şol serdarlaryň biri, halkyň döreden gahrymanydyr. Görogly türkmen halkynyň paýhasyny, mertligini we ugurtapyjylygyny özünde jemlän şahsyýetdir. Görogly diňe bir ýokarda agzalyp geçilen häsiýetleri özünde jemlemeýär. Gyz gelinleriň sarpasyny hemişe belent tutan şahsyýet hökmünde hem çykyş edýär. Bu sypatlaryň ählisi Görogly dessanynda, Göroglynyň döreýşi, Göroglynyň öylenişi, Kyrklar, Öwezi getiren Harmandäli, Gülaýym we Ärhasan ýaly ençeme şahalarynda görmek bolar.
Görogly dessanynda aýal gyzlaryň sarpasy hem gaty belent tutulandyr. Düşünde görüp aşyk bolan Agaýunus perisini hemişe hormatlamasy her meselede onun pikirini soramasy ýanýoldaşyny öýüniň we göwnüniň täji hasaplamasy onyň aýal gyzlara bolan hormatynyň subutnamasydyr ýa–da söweşde ýesir düşen ýesirlerinden, arasynda gelin gyzlar bar bolsa, olara aýratyn hormat goýşynda, Göroglynyňyn türkmeniň mert we gaty edepli hasiýetini orta goýýandygyny görmek bolýar.
Gadymy türkmen halkynyň ruhuny orta çykarmak bilen birlikde, şugünki gün hem söýülip okalýan dessanlaryň başynda gelýär.
Türkmenistanyň görnükli ýazyjysy Ata Gowşudowyň hem-de professor Mäti Kösäýewiň 1979-njy ýylda çowdurly Pälwan bagşydan ýazyp alyndy we 1980-niy ýylda Aşgabatda “TÜRKMENISTAN” neşriýaty tarapyndan çap edildi. Şol günden bäri hem her bir türkmeniň öýünde bu kitap öz ýerini alýar we hemme wagt söýgi bilen okalýan eserleriň biri bolup durýar.
ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky komiteti tarapyndan 2015-nji ýylda Namibiýada geçirilen mejlisinde adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna Türkmenistanyň ýüz tutmagy bilen hödürlenen “Görogly” dessany girizildi.