Ylymly, bilimli nesli kemala getirmek işiniň möhüm düzüm bölekleriniň biri-de milli medeniýeti durmuşa girişýän şahsyýetiň dünýägaraýşynyň gymmatlyk ugrukmasyna öwürmekdir. Özüniň has ýaýraň manysynda medeniýet ynsanyň ýaşaýşa zerur gymmatlyklary döretmek işinde ähmiýeti peselmeýän çeşme bolup hyzmat edýän hadysadyr. Şunuň bilen bir hatarda medeniýet ähli döwürlerde jemgyýetiň ösüş we kämillik derejesini kesgitleýän mähek daşdyr.
Geçmişde ýaşan beýik akyldarlar adamlara gymmatly ylmy, ahlak-edep ýörelgelerini we ýaşaýyş ähmiýetli nusgalary peşgeş beripdirler. Dünýäniň ähli halklary beýleki halklaryň akyldarlarynyň garaýyşlaryny, düşünjelerini özlerine alyp, olardan peýdalananlary gümansyzdyr. Bu ýerde milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň baglanyşygy baradaky mesele ýüze çykýar. Şol gymmatlyklaryň arabaglanyşygyna garalanda, milletde ýa-da beýleki bir sosial toparda umumadamzat gymmatlyklaryny göterijiler bolup beýik şahsyýetleriň çykyş edýändiklerini bellemek gerek. Umumadamzat gymmatlyklarynyň zatlaryň we hadysalaryň üsti bilen beýan bolmaýanlygy sebäpli, olar, köplenç, diňe bir adaty aňa däl, eýsem nazary aňa hem ýeňil açylmaýarlar.
Ruhy medeniýetiň milliligi barada gürrüň edilende, ol diňe sosial-özboluşlylyk, etnografiýa bilen çäklenmeýär. Tersine, ruhy medeniýetiň milliligi ähli milletleriň medeniýetlerini birleşdirýän, özünde milli aýratynlygy we umumylygy jemleýän köpdürli hadysadyr. Türkmen döwleti ýaş nesliň çuňňur ylymly-bilimli bolmagyna, onda-da dünýä derejeli ylmyň hem ylmy dünýägaraýşyň eýesi bolmagyna uly üns berýär. Türkmen halky gadymdan bäri pähim-parasada, ylym-bilime uly sarpa hem gadyr goýup, dünýäde ylymda öçmejek şan-şöhrat gazanan halkdyr.
Gylyjowa Gurbanbibi
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň
20-nji orta mekdebiniň mugallymy