Asyrlaryň dowamynda medeni mirasymyzy, milli sungatymyzy, medeniýetimizi gözüniň göreji ýaly gorap, asyllylygyň nusgasy bolan ýörelgelerimizi nesillere miras goýan pederlerimiziň, ene-mamalarymyzyň ýörän ýoly her birimiz üçin mukaddes mekdepdir. Oguz han kowumly türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda özüniň durmuşa ornaşdyran milli däp-dessurlary, edim-gylymlary, ýörelgeleri bilen gojaman taryhyň sahypalarynda görnükli yz goýupdyr. Şeýle yzlary halkymyzda keramat hasaplanylýan türkmen tamdyry bilen baglanyşykly işlerde-de görmek bolýar.
Pir Pugta tamdyryň piri hasaplanýar. Ýasalanda pir Pugtanyň ady bilen başlansa, tamdyryň maşgala rysgal getirýändigini aýdýarlar.Tamdyra ot goýberilende hem islän zadyňy odunlyk edinmek bolmaýar. Arassa odunda bişen çöregiň tagamy agzyňdan gitmeýär. Tamdyryň içerki diwarlary hem öz durkuny ýitirmeýär. Her ýylda bir gezek tamdyry täzeden suwamak parz iş hasaplanýar. Türkmeniň tamdyry milli mukaddeslik hökmünde biziň şu günlerimize gelip ýetdi. Bäş müň ýyllyk taryhynda ak bugdaýyň Watany adyny alan mähriban topragymyzda öndürilýän bugdaýdan taýýarlanýan türkmen çöregi goja Zeminde ýaşaýan kalby päk ynsanlary-da özüne çekýär.. Çörek bişende şol wagt biri tamdyra golaý goltum ýerden geçip barýan bolsa çörek bişirýän ene hökman tamdyr paý hökmünde oňa çörek hödürläpdir. Bu hormat «türkmen öýündäki duzda her kişiniň paýy bar» diýen düşünjäni aňladypdyr.
TÜRKMEN TAMDYRY AGZYBIRLIKDEN NYŞAN
Ata-babalarymyz tamdyr saldyrmak meselesine örän jogapkärli çemeleşipdir. Bu iş obada halalhon, pirmuhlys adama ynanylypdyr. Onsoň tamdyr ussasy bu işe sähetli gün girişip, owaly Taňrynyň, soňra tamdyryň piri Pirpugtanyň özüne medet bermegini diläpdir. Haçanda, öý-ojaga görk berip duran tamdyryň agzy suwalyp, boldum edilenden soň, gurap bekemegi üçin onda ot goýberilipdir. Şonda onuň agzyndan, körüginden ýalyn bolup çykýan otdan saman suwagynyň ýakymly ysy daş-töwerege ýaýrapdyr. Türkmeniň ak öýüne meňzäp duran, asman ýaly arassa, güberçekli tamdyrda bişirilen mele-myssyk çöregiň ysy bir menzile ýaýrapdyr.
Türkmen halkynyň medeniýeti we durmuşy tamdyr bilen baglanyşykly däp-dessurlar, dabaralar, urp-adatlar, nakyllar hem aýtgylar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmenler tamdyryň jadyly we bejeriş güýjüne ynanypdyrlar. Ol hemişe-de mukaddes hasaplanypdyr, çünki onda çörek bişirilipdir. Ony al-arwahdan goramak üçin, tamdyryň daşky diwarynda henizem goçak şekillendirilýär. Rowaýata görä, syrkaw çagany bejermek üçin, ony üç gezek tamdyryň daşyndan aýlamak ýeterlikdir. Türkmenleriň aşpezliginde-de şu güne çenli gönüden-göni tamdyrda taýýarlanylýan ýa-da ady tamdyr bilen baglanyşykly köp sanly tagam saklanyp galypdyr.
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň goldawy netijesinde häzir türkmen medeniýetiniň aýry-aýry medeni gymmatlyklary we halkymyzyň taryhynyň owal açylmayk sahypalary öwrenilýär. Ýaş alymlar öz makalalaryny we ylmy işlerini türkmen halkynyň medeniýetiniň, ykdysadyýetiniň, etnogeneziniň, etnografiýasynyň we halkara gatnaşyklarynyň taryhy bilen bagynyşdyrýarlar.
Tamdyr – türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bölegi we hoşniýetli hem dostlukly gatnaşyklaryň nusgasy. Onda bişirilen hoşboý ysly çörek bolsa bagtyň we abadançylygyň kepilidir.
Hojaýewa Maral
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby