Ýurdumyzda toý we beýleki dabaralarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda Düzgünnama tasssyklandy we şol Düzgünnama bilen Toý dabaralarynda artistleriň hyzmatlarynyň hukuk ýagdaýy kesgitlendi. Düzgünnamanyň esasy maksady toýlarda ýokary hilli medeni hyzmatlaryň edilmegi üçin bu hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünlleşdirmek we toýlarda medeni hyzmatlary amala aşyrýan şahslaryň döwlet tarapyndan hasaba alynmagyny guramak bolup durýar.
Şoňa laýyklykda, sazandalar, aýdymçylar we saz goýberijiler (disk žokeýler), tansçylar, medeni çäreleriň alyp baryjylary, sahna oýunlaryny ýerine ýetirýänler, sirklerde köpçüligi güýmeýän, oýunlary oýnaýan we aýry-aýry sirk oýunlaryny görkezýän masgarabazlar, gözbagçylar, akrobatlar we beýleki artistler döwlet tarapyndan bellige alynmaly.
Kimler döwlet tarapyndan bellige alynmaly?
- Eger-de toýlarda medeni hyzmatlary amala aşyrýan artistler şeýle hyzmatlary özleriniň adyndan amala aşyrýan bolsa, onda olar döwlet tarapyndan bellige alynmalydyr. Emma, artistler bu hyzmatlary özleriniň adyndan däl-de, ýuridik şahsyň adyndan amala aşyrýan bolsa onda şol artistler döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişli däldir. Şonda, bu hyzmatlary amala aşyrýan ýuridik şahslaryň bellige alynmagy hökmanydyr.
Bellige nirede alynýar?
- Bellige alynmak ýuridiki we fiziki şahsyň arzasy esasynda amala aşyrylýar. Arzalar ýuridik şahslaryň hukuk salgysy boýunça, fiziki şahsyň bolsa, ýaşaýan ýeri boýunça ýazga alnan ýa-da bolýan ýeri boýunça bellige alnan ýeri boýunça degişlilikde welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň “Bagt köşgi” toý dabaralar merkezinde amala aşyrylýar.