Gyzlaryň tahýasynyň depesine dakylýan şelpeli kümüş bezeg şaýy bolan gupba türkmen halkymyzda gyzlarymyzyň iň eý görýän milli şaý-sepleriniň biridir. Ony gyzlarymyz «Mähekdaşym — göwün hoşum!» diýip söýýärler. Gupbany zergärler ussatlyk bilen ýasapdyrlar. Gözelligi bilen özüne çekiji gupbalaryň ýüzüne gyzyl çaýyp, owadan nagyşlary salyp, dürli reňkli gaşlary oturdyp bezäpdirler. Şeýle hem gupbanyň aşaky eňegine 5-12 sany aralygynda şelpe dakypdyrlar.
Türkmen gupbasynyň görnüşleri
Gyz maşgalanyň başynyň täji hasaplanýan gupbanyň üç görnüşi bolup, olaryň ähli görnüşleri hem tahýalara dakylyp ulanylypdyr. Şelpesiz gupbadan başlap, iki gatly we üç gatly gupbalar gyz tahýalaryny bezäpdir. Üç gatly gupba «agyr gupba» diýilýär. Şeýle gupbalar tahýanyň aşak eteginden başlanypdyr. Ony «etek» diýip atlandyrypdyrlar. Agyr gupbalaryň ikinji gatyna «orta», iň ýokarky bölegine bolsa, «depe» diýlipdir. Etek şelpeleri köplenç halatlarda ujy çiş, töweregi naýza görnüşinde bolýar.
Zergärleriň aýtmagyna görä, gupba, aýratyn-da onuň orta bölegi gyzlary gözden-dilden goramak üçin niýetlenen hakyk daşy bilen gaşlanýar. Gupbalaryň arasynda toý gününde dakylýan ak gupba hem bar. Şonuň üçin ol «toý gupbasy» diýlip hem atlandyrylýar. Gupbanyň bu görnüşi sap kümüşden ýasalypdyr, ýagny oňa gaş, nagyş goýulmandyr.
Türkmen gyz-gelinlerimiziň bezegi bolan gupba uzyn çekelikler bolýar. Ussat zergärlerimiz uzyn çekelikleriň dagdanly, tumarly görnüşlerini hem ýasapdyrlar. Olaryň ýasan ajaýyp şaý-sepleri häzirki wagtda has-da kämilleşip, döwrebap görnüşe eýe bolup, türkmen gyzlarynyň gözelligine aýratyn gözellik goşýar.
Mahym GELADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby