Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Garagalpagystanyň halk artisti Babamyrat Hamdamow 2-nji sentýabrda 84 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada Özbegistanyň Medeniýet ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Babamyrat Hamdamow 1940-njy ýylda Türkmenabat şäherinde (ozalky Çärjew) dünýä inýär. Ol türkmen we özbek aýdym-saz sungatynyň ösmegine uly goşant goşan ussatlaryň biri hasaplanýar. Onuň döreden köp sanly ajaýyp eserleri häzirki wagtda onuň muşdaklarynyň kalbynda baky orun aldy.
Onuň Kim eken, Dewona, Galdymy, Gorkdym, Sulton Jaloliddin ýaly ençeme meşhur aýdymlary köpleriň uly söýgüsini gazandy.
Ömrüniň agramly bölegini Özbegistanda geçiren ussat bagşy Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň köp sanlysyny türkmen we özbek diňleýjilerine ýetirdi. Ýeri gelende bellesek, 1991-nji ýylyň altyn güýzünde Türkmenistan döwleti mukaddes Garaşsyzlygyny alanda, bu beýik öwrülişige Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew ilkinjileriň hatarynda «Garaşsyz» diýen goşgusyny ýazdy. Soň ol goşgyny ilkinji bolup Türkmenistanyň halk artisti Babamyrat Hamdamow aýdyma öwrüp, diňleýjilere ýetirdi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň buşlugyna öwrülen ol aýdym görnükli bagşy tarapyndan Garaşsyzlyk barada döredilen aýdymlaryň ilkinjileriniň biridir. Ussadyň aýdymlary, dünýäniň köp ýurdunda bolşy ýaly, dogduk mekany Türkmenistanda hem söýlüp diňlenýär. Onuň köp sanly şägirtleri halypasynyň ýoluny mynasyp dowam etdirmäge çalyşýarlar.
B.Hamdamow türkmen, özbek, täjik we hindi dillerinde aýdymlary ýerini ýetirýär. Aýratyn hem, ýaşlyk ýyllarynda hindi dilinde ýerine ýetiren aýdymlarynyň oňa uly şöhrat getirendigini bellemek gerek. Onuň hindi aýdymlaryny ýerine ýetiriş ussatlygy hatda hindi halkynyň özi tarapyndan hem ykrar edilipdir. Muňa onuň hindi kinosynyň ady rowaýata öwrülen ussady Raj Kapur bilen dostluk gatnaşyklaryny saklandygy hem güwä geçýär.
Babamyrat Hamdamow beýik aýdymçy Kamiljan Ataniýazowyň yzyna alyp baran aýdymçylaryň biridir. Onuň aýdymlary we döredijiligi özbek sungatynyň “altyn gaznasyna” girizildi
diýlip, Özbegistanyň Medeniýet ministrliginiň beýanatynda bellenilip geçilýär.