Köp taraplaýyn hyzmatdaşlyk, ýaşlarymyzyň bilim derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistan, halkara derejesinde ylmy we bilim işgärleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürýär. Türkmenistanda halkara bilim we medeni çäreleriň geçirilmegi, ýaşlaryň ýokary bilim we hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Şeýlelik bilen, daşary ýurtly alymlar we bilim işgärleri bilen hyzmatdaşlyk, ýaşlarymyzyň global bilim platformalaryna goşulmagyna we dünýäde täze mümkinçiliklere eýe bolmagyna ýol açýar.
Medeniýet we beýleki jemgyýetçilik ugry boýunça Türkmenistan, köp taraplaýyn hyzmatdaşlyk arkaly öz milli mirasyny dünýäde tanatmak we täze medeni gatnaşyklara ýol açmak maksady bilen birnäçe medeni taslamalary amala aşyrýar. Türkmen medeniýeti, folklory, sungaty we taryhy mirasy, beýleki döwletler bilen aragatnaşykda möhüm orun eýeleýär. Şu günki günde, halkara medeni guramalar bilen hyzmatdaşlyk, Türkmenistanda medeniýetleriň arasynda köprüler gurmak, bu arkaly hem-de dünýäde parahatçylygy, dostlugy we hormaty ösdürmek üçin möhüm orun tutýar.
Geljekde, köp taraplaýyn hyzmatdaşlyk, Türkmenistan üçin halkara arenasynda öňdebaryjy orny eýelemegi dowam etdirýär. Ykdysadyýetde we syýasatda täze mümkinçilikleriň döremegi, ýaş nesiller üçin bilimde halkara aragatnaşyklar, medeniýetde global hyzmatdaşlyk, Türkmenistan bilen beýleki döwletleriň arasynda gatnaşyklary has hem güýçlendirer. Şeýlelik bilen, Türkmenistan, köp taraplaýyn diplomatiýa we hyzmatdaşlyk bilen, dünýäde durnukly ösüşiň, parahatçylygyň we ösüşiň höweslendirijisi bolmaga ygrarlydyr.
Köp taraplaýyn hyzmatdaşlyk, häzirki zaman dünýäsi üçin möhüm ähmiýete eýe bolup, döwletleriň özara gatnaşygyny we bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegini üpjün edýär. Türkmenistan, syýasat, ykdysadyýet, bilim we medeniýet ýaly möhüm pudaklarda bu hyzmatdaşlygy ösdürip, global ösüşe goşant goşýar. Köp taraplaýyn hyzmatsaşlyk, diňe bir ýurtlaryň däl, eýsem, bütin dünýäniň ösüşine we parahatçylygyna ýol açar.
Jumadurdy Guwanjow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma önümçiligi fakultetiniň 4-nji ýyl talyby


