Weather Data Source: wetterlabs.de
Aşgabat moda hepdesiniň ikinji güni - Moda - Gorogly.com

Aşgabat moda hepdesiniň ikinji güni

Şu gün — 3-nji sentýabrda «Altyn Asyr» harytşynaslyk merkezinde «Aşgabat — dizaýn şäherim» atly taslamanyň çäklerindäki «Moda hepdeligi — 2022-niň» moda görkezilişi boldy.

Hepdeligiň her güni bir modeller öýüniň täze güýzki lybaslar toplumy görkezilýär. Bu günki görkezilişde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň meşhur dizaýnerleriniň döreden, güýz gözelliklerini wasp edýän milli we döwrebap lybaslar toplumy bu ýere ýygnananlaryň söýgüsini gazandy.

Moda hepdeliginiň ikinji gününde «Goza», «Wada», «Bedew», «Nusaý», «Gala», «Arwana», «Bürgüt», «Ýeňiş», «Ak pamyk» haryt nyşanly sport, jins, trikotaž önümleriniň, şol sanda gündelik eşikleriň dürli reňkli we öwüşginli görnüşleri görkezildi.

«Talyp gözeli – 2022» gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry mart aýynda geçiriler

Hepdeligiň esasy aýratynlyklarynyň biri onda halkymyzyň milli gymmatlyklaryna, el işlerine, däp-dessurlaryna aýratyn orun berilmegidir.

«Aşgabat — dizaýn şäherim» atly taslamanyň çäklerinde geçirilýän Moda hepdeligi paýtagtymyzyň milli lybaslary öndürijilerini, dizaýnerlerini we modalar öýleriniň beýleki hünärmenlerini jebisleşdirip, olary täze döredijilik başlangyçlaryna ruhlandyrýar.

Çeşme: Salamnews.tm

 

Habary paýlaşyň:

Bir cevap yazın