Täze ýyla çenli gaty az wagt galdy, bu iň ýagty we köpden bäri garaşylýan baýramçylyga taýýarlanmagyň wagty geldi. Stilistler “ýylan” ýylyny bellemek üçin näme geýmelidigini, moda meýillerine laýyk nädip geýinmelidigi we eşigiň reňkinde nädip säwlikler goýbermeli däldigini aýdýarlar.
- Ýaşyl reňk. “2025-nji ýyl ýylan ýyly bolar, şonuň üçin esasy reňk teklipleri elbetde, ilkinji reňk ýaşyl, emma öwüşgin hem möhümdir: sowuk zümerret, goýy ýaşyl we ot reňklerine üns beriň. Bu ýyl tebigy öwüşginler ýylyň esasy nyşany bolar diýip hasaplanýar, ýöne moda pudagy bize zümerret öwüşgini bilen köp gyzykly utgaşmalary görkezýär, şonuň üçin bu ýagdaýda 100 göterim nyşana degmegi kepillendirilýär”.
- Kümüşow reňk. Şeýle hem kümüşow reňki saýlap bilersiňiz. Stil hünärmeniniň maslahat berşi ýaly, bu klassiki yzygiderli wariant bolup biler. Tendensiýalary gözi bilen görmäge synanyşmasaňyz, özboluşlylygy isleýän bolsaňyz, has uly elementleri we keşdeleri bolan önümlere has içgin göz aýlaň. Kümüşsow reňk bu möwsümde aýakgap we aksessuarlar ýaly ähli görnüşlerde moda.
- Goňur reňk. “2024-2025 möwsüminiň esasy reňki dürli öwüşginli goňur reňkdir. Bu reňk ýene birnäçe aý dowam eder we bu reňkdäki keşbiňizi bir gezekden köp görkezip bilersiňiz” diýip stilist ynandyrýar.
- Gara reňk. Has çäklendirilen we köptaraply reňkleri halaýan bolsaňyz, gara reňk hemişe aktual we klassikdir.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby