Weather Data Source: wetterlabs.de
«Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçildi - Moda - Gorogly.com

«Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçildi

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň zenanlarynyň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşigiň welaýat tapgyryna dürli pudaklarda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar gatnaşyp, olar degişli ugurlar boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler. Bu barada «Ahal durmuşy» welaýat gazetinde habar berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň zenanlara goýýan sarpasyna jogap etmek we zenanlaryň hünär başarnygyny, ukybyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilýän bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşyjylar, ilki bilen, medeni ojagyň eýwanynda guralan baýramçylyk sergisini synladylar. Milli el işleriniň we medeni mirasymyzyň gymmatlyklarynyň sergisi bilen tanyşlykdan soňra bäsleşige badalga berildi. Bäsleşige gatnaşyjy zenanlar jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda alyp barýan işlerini özleriniň çykyşlarynyň üsti bilen açyp görkezdiler.

Bäsleşigiň netijesinde «Ýylyň işewür zenany», «Ýylyň çeper elli zenany», «Ýylyň sungatda işjeň zenany», «Ýylyň mährem zenany», «Ýylyň watançy zenany», «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany», «Ýylyň telekeçi zenany» ýaly ugurlar boýunça tapawutlanan zenanlar döwlet derejesindäki jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy.

Habary paýlaşyň:

Добавить комментарий