Häzirki döwürde biologiýa ylmy janly organizmleriň gurluşyny, ösüşini we olaryň özara täsirini öwrenmekde täze ösüş tapgyryna gadam goýdy. Molekulýar biologiýanyň, genetika we mikrobiologiýanyň ösüşi netijesinde adam organizminiň diňe bir öýjüklerden ybarat däldigi, eýsem trillionlarça mikroorganizmleri öz içine alýan çylşyrymly biologik ulgamdygy ylmy taýdan subut edildi. Bu mikroorganizmler toplumyna “adam mikrobiotasy” diýilýär we ol häzirki zaman biologiýa ylmynyň esasy barlag ugurlarynyň birine öwrüldi.
Adam mikrobiotasy dürli bakteriýalary, wiruslary we beýleki mikroskopik organizmleri öz içine alýar. Olar deride, agyz boşlugynda, dem alyş ýollarynda hem-de aýratyn-da içegelerde ýerleşýär. Şolaryň arasynda iň köp we biologik taýdan işjeň bölegi içege mikrobiotasy bolup durýar. Içege mikrobiotasy organizm bilen özara peýdaly simbioz gatnaşyklaryny döredýär we bedeniň homeostazynyň saklanmagynda möhüm orun eýeleýär.
Metabolik taýdan içege mikroorganizmleri çylşyrymly polisaharidleriň fermentasiýasyna gatnaşyp, gysga zynjyrly ýag kislotalaryny emele getirýär. Bu maddalar içege epitel öýjükleriniň esasy energiýa çeşmesi bolup hyzmat edýär hem-de çişme garşy täsir görkezýär. Şeýle hem mikrobiota witaminleriň (hususan-da, B topar we K witaminleriniň) sintezine gatnaşyp, umumy metabolik deňagramlylygyň üpjün edilmegine goşant goşýar.
Immun ulgamynyň ösüşi we kadaly işlemegi hem içege mikrobiotasy bilen ýakyndan baglanyşyklydyr. Alymlaryň bellemegine görä, immun öýjükleriniň ep-esli bölegi içege dokumalary bilen baglanyşyklydyr. Mikroorganizmler immun ulgamynyň differensiasiýasyna täsir edip, patogen mikroplary tanamak we ýok etmek ukybyny güýçlendirýär. Mikro deňagramlylygyň bozulmagy bolsa allergik ýagdaýlaryň, autoimmun keselleriniň hem-de dowamly çişme prosesleriniň ýüze çykmagyna getirip biler.
Soňky ýyllarda geçirilen ylmy barlaglar içege bilen beýni arasynda biologik arabaglanyşygyň bardygyny görkezdi. Bu ulgam arkaly içegedäki mikroorganizmler nerw ulgamy bilen signallar arkaly baglanyşyp, adamyň emosional ýagdaýyna, stres derejesine hem-de psihologik durnuklylygyna täsir edip bilýär. Şeýlelikde, mikrobiotanyň täsiri diňe fiziologik prosesler bilen çäklenmän, eýsem neýrobiologik derejede hem ýüze çykýar.
Mikrobiotanyň ylmy taýdan öwrenilmegi häzirki wagtda lukmançylykda täze profilaktiki we terapeýtik usullaryň döredilmegine mümkinçilik berýär. Probiotikler, prebiotikler we mikrobiotany modulyasiýa edýän täze biologik serişdeler keselleriň öňüni almakda hem-de bejermekde giňden ulanylýar. Bu bolsa biologiýa ylmynyň amaly ähmiýetiniň ýylsaýyn artýandygyny görkezýär.
Adam bedenindäki mikro dünýä häzirki zaman biologiýa ylmynyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar. Mikroorganizmler bilen adam organizminiň arasyndaky simbioz gatnaşyklary ýaşaýyş ulgamynyň bitewüligini görkezýär. Bu ugurdaky barlaglar diňe bir saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine däl, eýsem geljekde biologik we lukmançylyk tehnologiýalarynyň kämilleşmegine hem möhüm esas bolup hyzmat edýär.
Jemal Mirzaýewa Atamuradowna,
Çärjew etrabynyň 16-njy orta mekdebiniň Biologiýa mugallymy


