Linzalara ýerleşdirilen ýörite nanopartikullaryň öň görünmeýän infragyzyl şöhlesini adam gözüne görünýän ýagtylyga öwürýändigi bellenilýär. Bu partikullar 800-1600 nanometr aralygyndaky tolkun uzynlyklaryny üç esasy reňke öwürýär we olary göze görünýän edýär.
Linzanyň düzümi
Bu gözleg Hytaýyň gündogaryndaky Hefey şäherindäki Ylym we Tehnologiýa Uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirildi. Olar däp bolan ýumşak kontakt linzalaryny altyndan, natriý gadolinium ftoridinden, itterbiumdan we erbium ionlaryndan ybarat 45 nanometrlik nanopartikullar bilen birleşdirdiler.
Synagyň netijeleri
Ilki bilen bu tehnologiýa syçanlarda synagdan geçirildi. Nanopartikullar göz torlaryna inýeksiýa edilende, tejribe haýwanlary garaňkyda hereket edip bildiler. Soňra bolsa, bedene inýeksiýa talap etmeýän kontakt linzasynyň inwaziw däl görnüşi işlenip düzüldi. Synaglara gatnaşan adamlaryň garaňkyda harplary, nagyşlary we ýalpyldawuk infragyzyl signallary tanap bilýändigi anyklandy.
Linzanyň mümkinçilikleri
Gyzykly tarapy, linzalaryň gözleri ýapyk bolsa-da netijeli işleýändigi anyklandy. Sebäbi infragyzyl şöhle göz gabaklaryndan aňsatlyk bilen geçip, surat emele getirýär. Şeýle-de bolsa, häzirlikçe bu linzalar adaty gijeki görüş äýnekleri ýaly güýçli däl. Sebäbi bar bolan nanopartikullar käbir ýagdaýlarda suraty bulaşdyryp biler.
Döredilen linza adamyň gije işlemek mümkinçiligini berýär. Bu bolsa önümçiligiň islendik pudagynda oňaýly netijeleri berer. Linzalar önümçilik kuwwatlylygyny ýokarlandyrar diýip garaşylýar.
Amanmyradowa Kümüş
Türkmen oba hojalyk institutynyň gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň ýer gurluşygy we kadastrlar taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby




