SBER kompaniýasy hassalaryň özbaşdak anyklaýyş işlerini geçirmek üçin Akylly saglyk kamerasyny işläp düzdi.
Sber metbugat gullugynyň habaryna görä, Akylly saglyk kamerasy näsaga özbaşdak barlag geçirmäge we maglumatlary lukmana geçirmäge mümkinçilik berýär. Onuň kömegi bilen dem alyş organlarynyň ýagdaýy — bokurdak, burun, gulak we deriniň suratlaryny ýa-da wideolaryny almak mümkindir. Kamera, smartfonyňyzdaky SberHealth ykjam programmasy bilen sinhronlaşýar we ýagdaýy bahalandyrmak we goşmaça maslahatlar üçin faýllary lukmana iberýär.
Akylly saglyk kamerasy arkaly uzakdan maslahatlaşmak ulanyjylara öýden we amatly wagtda ýiti şertler üçin tiz kömek we teklipleri almaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem, enjam ilkinji bejeriş klinikalarynda işleri ýeňilleşdirmäge kömek edip biler.
Mundan başga-da, kamera lukmançylyk edaaralarynda aragatnaşyklaryň sanyny azaltmak arkaly wirus ýokançlygynyň ýaýramagyny azaltmaga kömek edýär. “Akylly saglyk kamerasy” iki görnüşde — ulular üçin adaty we çagalar žiraf görnüşinde çykýar. Kamerany ulanmak aňsat. Ol ýörite goşundylar, kamera we elçyrasy bilen enjamlaşdyrylandyr.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby