Artrit keseline garşy göreşmegiň bütindünýä güni Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSGG) başlangyjy bilen 1996-njy ýyldan bäri her ýylyň 12-nji oktýabrynda bellenilip geçilýär. Bu günüň esasy maksady, rewmatologiki keseller meselesine dünýä jemgyýetiniň ünsüni çekmek, artritiň ähli görnüşlerinde habardarlygy ýokarlandyrmak, olaryň öňüni almak, lukmanlaryň, näsaglaryň we jemgyýetçilik meselelerini çözmekde edýän tagallalaryny birleşdirmekdir. Artrit birnäçe bogunlaryň çynlakaý çişme keseli bolup, bejerilmedik ýagdaýynda diňe agyrylara we diňe hereketiň çäklendirilmegine däl, eýsem maýyplyga hem sebäp bolýar. Keseliň döremeginiň sebäpleri dürli-dürli bolup, ol köplenç ownuk şikesler, açyk ýa-da ýapyk bogun şikesleri, ýygy-ýygydan fiziki we akyl taýdan aşa agramlyk ýa-da genetiki çökgünlik bilen ýüze çykýar. Mundan başga-da, artritiň ösmegi wirus we bakterial ýokançlar, gipotermiýa, hat-da zyýanly endikleriň yzygider ulanylmagy bilen ýüze çykýar. Käbir hadysalarda ýüze çykyş faktorlary we keseliň ösüş mehanizmleri entek doly öwrenilmedi.
Artrit keseline garşy göreşmegiň bütindünýä güni, bu meseläniň giňden ýaýranlygy we agyrlygy sebäpli, ýylsaýyn uly ähmiýete eýe bolýar. Bu günüň çäginde keseliň öňüni almaga kömek edýän çärelere aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda 35-den gowrak ýurtda her ýylyň 12-nji oktýabrda dürli çäreler geçirilýär. Olaryň maksady, artrit keseline garşy göreşmäge gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlyk üçin näsaglaryň we saglyk işgärleriň tagallalaryny birleşdirmek bolup durýar.
Oguljahan MAŞADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby