B6 witamininiň bir görnüşi, rak keseline garşy göreşmek üçin immun öýjüklerini işjeňleşdirýär.
Monaş uniwersitetiniň (Awstraliýa) alymlary MR1 molekulasyna bagly B6 witamininiň bedeniň immun ulgamyny işjeňleşdirip biljekdigini anykladylar. Gözlegiň netijeleri Proceedings of the National Science Academy (PNAS) žurnalynda çap edildi.
MR1 immun ulgamyna öýjükleriň we mikroorganizmleriň alyş-çalşynyň üýtgemelerini tanamaga kömek edýän ýöriteleşdirilen molekuladyr. Alymlar MR1-iň öýjük görnüşlerine nädip “gönükdirilendigini” anyklamak üçin ýola çykdylar. Gözlegçiler, MR1 bilen baglanyşykly ownuk molekulalary, şeýle hem MR1-iň B6 witamini bilen özara täsiriniň strukturalaýyn barlagyny seljermek üçin köpçülikleýin spektrometriýany, ulandylar.
Görnüşi ýaly, B6 witamininiň MR1 bilen baglanyşykly görnüşi, çişe jogap berýän we oňa hüjüm edýän immun öýjüklerini işjeňleşdirip biler. Şeýle hem, MR1-e we şonuň üçin immun ulgamyna üýtgän metabolizm bilen öýjükleri kesgitlemäge kömek edýän B6 molekulalarydygy ýüze çykdy. Bu öýjüklere çiş-reaktiw öýjükler hem diýilýär.
Ylmy-barlagyň indiki tapgyrlarynda alymlar B6 witamininiň sagdyn öýjükler bilen deňeşdirilende dürli derejelerde aňladylýandygyny ýa-da bu markeriň rak keseline garşy ulanylyp bilinjekdigini anyklamagy meýilleşdirýärler.
Ylmy-barlagyň awtorlary, bu açyşyň möhüm tarapynyň MR1-iň şahsyýetleriň arasynda gaty az üýtgäp durýandygyny bellediler – adamzat populýasiýasynda diňe birnäçe genetiki wariantlar bellidir. Bu aýratynlyk, köp sanly amaly usul bilen uniwersal bejeriş usullaryny ösdürmäge kömek edip biler.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby